Sepleriň elýeterliligi

“YD” söweşijileri yza serpikdirilýär


Siriýadaky kürt resmiler we komandirler “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini ýurduň serhetýaka Kobani şäheriniň böleklerinden yza serpikdirendiklerini habar berýärler.

16-njy oktýabrda Kobani şäheriniň resmisi Birleşen Ştatlaryň howa zarbalarynyň kömegi netijesinde häzirki wagt söweşijiler kürt şäheriniň 20%-den hem az bölegine kontrollyk edýär diýdi.

Mundan öň “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Türkiýe bilen serhetleşýän bu şäheriň 40%-ne kontrollyk edýändiklerini mälim edipdiler.

Ýakynda Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýa “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy howa zarbalaryny güýçlendiripdi. Kobani şäheriniň töweregindäki bu hüjümler kürt güýçlerine goldaw bermek maksady bilen amala aşyryldy.

Birleşen Ştatlaryň harbysy 15-16-njy oktýabr aralygynda öz uruş uçarlarynyň 14 howa zarbasyny amala aşyrandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG