Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: Hüjümlerde 47 adam öldi


Yragyň paýtagtynda şaýy musulmanlarynyň köpçülikleýin ýaşaýan territoriýasyna amala aşyrylan tapgyrlaýyn hüjümlerde azyndan 47 adam öldi we başga-da 120-den gowragy ýaralandy.

16-njy oktýabrdaky iň ýowuz hüjüm Bagdadyň Al-Dawlaý etrabyndaky gyzgalaňly territoriýada iki bombaly ulagyň bir wagtda partladylmagy netijesinde amala aşdy. Bu wakada 14 adam öldi, şeýle-de 30-dan gowragy ýaralandy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini Yragyň günbatarynda we demirgazygynda hem-de Siriýada giň territoriýany basyp alan “Yslam döwleti” atly ekstremist topar öz üstüne aldy.

12-nji oktýabrdan bäri Bagdatda amala aşyrylan hüjümlerde 160-dan gowrak adamyň ölendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG