Sepleriň elýeterliligi

Gadaganlyk süýtçi daýzalary gysýar


Hususy mikroawtobus taksileriniň gatnawynyň gadagançylygy süýtçi Bägül daýzanyňam söwdasyny peseldipdir.

Hususy mikroawtobus taksileriniň gatnawynyň gadagançylygy süýtçi Bägül daýzanyňam söwdasyny peseldipdir.

Gökdepäniň "Köpetdag" daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy, 52 ýaşly süýt satýan Bagül daýza günaşa paýtagta gelip, öz müşderilerine “baklažkalara” guýlan süýdi paýlap gidýär. Emma ozallar ir sagat 7-ä şähere gelip, öz müsderilerine elin sygyr süýdüni paýlap gidýän Bagül daýza eýýäm alty aý bäri öňküsinden birnäçe sagat gijigip, sagat 9-10-lara paýtagta gelýär. Ol muňa häkimiýetler tarapyndan Aşgabat bilen Gökdepe aralygynda gatnaýan hususy mikroawtobus taksileriniň gatnawynyň ýatyrylmagynyň sebäp bolandygyny aýdýar.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň maý aýyndan bäri, belli bir resmi düşündiriş berilmezden, paýtagtdan Gökdepä we onuň daş-töweregindäki obalara gatnaýan hususy mikroawtobus taksileriniň gatnawy ýatyryldy. Bu mikroawtobus taksilerine häzire çenli talap edilýän lisenziýadyr patent berilmän gelinýär. Bu hili iş bilen meşgullanmaga rugsat berýän öňki görnüşdäki dokumentleri bolanlaryň hem rugsady ýatyryldy.

Häkimiýetleriň hususy miniawtobuslaryň ýörite lisenziýasyny ýatyrmazyndan ozal ”GAZel” mikroawtobusy her gün irden baryp, Bägül daýzany we beýleki söwdagärleri öýleriniň gapysyndan göni Aşgabada getirýän eken. Onuň aýtmagyna görä, munuň üçin hususy mikroawtobusyň sürüjisine adaty müşderileriňkiden iki manat artyk kireý puluny töleýändiklerine garamzdan, bu amatly bolýan eken.

Çekilýän zyýan

Häkimiýetleriň bu hereketlerinden zyýan çeken Bägül daýzanyň indi iş iş düzgüni has üýtgäpdir. Häzir ol Aşgabada öňküsinden 2-3 sagat giç gelýär. Käte asla gelip bilmeýän günleri hem bolýar.

“Indi hökümet awtobusyna münmeli bolýar. Munuň üçin ilki bilen şol awtobusyň gatnaýan köçesine obanyň içinden gatnaýan taksa münüp barmaly. Soň şol awtobusa garaşmaly. Ýoldan her duralgada durup gelýän awtobusda bolsa barjak ýeriňe çalt baryp bolmaýar” diýip, Bägül daýza gürrüň berýär.

Hususy mikroawtobus taksileriniň gatnawynyň gadagançylygy süýtçi Bägül daýzanyňam söwdasyny peseldipdir. Ol müşderileriniň käbirlerini ýitirendigini hem aýdýar. Öň 20 sany müşderisi bolan bolsa, indi olaryň sany 13 bolupdyr. Bägül daýza şähere öňküsinden has giç, ýagny adamlar işe gidensoň gelmeli bolany zerarly onuň käbir müşderleri obadan getirilýän elin süýdi almakdan boýun gaçyrmaga mejbur bolupdyrlar.

“Öň adamlar işe gitmänkä baryp, süýdi paýlap gaýdýardym. Indi bolsa olar işe gidenlerinden soň barýan. Öýlerinde adam bolanok” diýip, Bägül daýza aýdýar.

Bar bolan gatnaw

Häzirki wagtda Gökdepä, esasan, döwlet awtobuslary we döwlet hem-de hususy ýeňil awtomobil taksileri gatnaýarlar. Hususy mikroawtobus taksileri gadagan edilenden soň Bägül daýzanyň yzyna öz obalaryna dolanmagy hem indi öňki ýaly o diýen ýeňil däl. Süýtçi daýzanyň aýtmagyna görä, her gatnawy üçin bir manat nyrh kesgitlenen döwlet awtobusy ”Teke bazaryndaky” duralgasyndan ugraýança, azyndan ýarym sagat garaşmaly.

“Köplenç sürüji awtobus ýolagçydan dolýança garaşýar. Onsoň garaşyp durmaly bolýar. Taksiler bolsa gymmat” diýip, obaly zenan gürrüň berýär.

Aşgabatdan Gökdepä we onuň daş-töweregindäki obalara gatnaýan hususy mikroawtobus taksileriniň gatnawynyň ýatyrylmagy bu aralyk boýunça gatnaýan ýüzlerçe adamlara öz täsirini ýetirýändigine garamazdan, bu gadagançylygyň resmi düşündirilişi halka beýan edilenok. Eýýäm 6 aý geçendigine garamazdan, resmiler habar serişdeleri arkaly hiç hili resmi düşündiriş bermeýärler.

XS
SM
MD
LG