Sepleriň elýeterliligi

Maryda $1 milliardlyk zawod açyldy


Marynyň ýaşaýjylary köçede Ammiak we karbamid zadowynyň düýbini tutmaga gelen prezident Berdimuhamedowy garşy alýar. 26-njy ýanwar, 2011.

Marynyň ýaşaýjylary köçede Ammiak we karbamid zadowynyň düýbini tutmaga gelen prezident Berdimuhamedowy garşy alýar. 26-njy ýanwar, 2011.

Anna güni Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde Ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawodlar toplumynyň, kiçi gaz trubinaly elektrik bekediniň, köp ugurly bazaryň, 350 orunlyk myhmanhananyň açylyş dabarsy boldy.

Mary şäherindäki Ammiak we karbamid zawodynyň düýbi 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda tutulypdy.

Täze zawodlar toplumy ýapon we türk kompaniýalarynyň konsorsiumy - Kawasaki Heavy Industriýes Ltd, Sojitz Corporation (Ýaponiýa) we Ronesans Turkmen (Türkiýe) tarapyndan «Türkmenhimiýa» döwlet koserniniň tabşyrygy esasynda gurlupdyr.

Aýdylmagyna görä, bu zawod ýylda 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid – dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary konsentrasiýaly azot dökünlerini öndürer. Bu zawodda ulanyljak çig malyň tebigy gaz boljakdygy we ýylda dökün öndürmek üçin 500 million kub metr gaz ulanyljakdygy aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Maryda gurlan täze desgalaryň ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabarada çykyş edip, Ammiak we karbamid zawodynyň «ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýany ulanmak esasynda» gurlandygyny aýtdy.

Ýagny bu zawod “Kellogg Brown and Root, Honeywell” (ABŞ), “Stamikarbon, Uhde Fertilizer Technology” (Niderlandiýa) we BASF (Germaniýa) ýaly dünýä belli kompaniýalaryň tehnologiýalary esasynda gurlupdyr.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow täze zawodlar toplumynyň işe girizilmeginiň türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek boýunça alynyp barylýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatly edýär diýdi.

Täze ulanylmaga berlen zawodlar toplumynyň umumy bahasynyň 1 milliarddan gowrak amerikan dollaryna barabardygy aýdylýar.

Bu proýektiň maliýeleşdirmeginde ulanylan serişdeleriň uly bölegini Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky beripdir.

Türkmen telewideniýesi Maryda elleri baýdakly adamlaryň "halkyň eşretli ýaşaýşy, ýurduň abadançylygy ugrunda yzygiderli adlada edýän, beýik özgertmeleriň başyny başlaýjy milli lideri" uly şatlyk bilen alkyşlandyklaryny habar berýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG