Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede elektron partiýa dörediler


Ankaranyň garaşsyz deputaty Emrehan Halyçy elektroniki partiýa gurýar.

Ankaranyň garaşsyz deputaty Emrehan Halyçy elektroniki partiýa gurýar.

Ankaranyň garaşsyz deputaty Emrehan Halyçy elektroniki partiýa gurmaklyk ýolunda ilkinji ädim äden ýaly, www.eparti.org internet sahypasyny hyzmata girizdi.

Halyçy Anadoly habar gullugyna beren beýannamasynda, şeýle partiýa (eParti) gurmaklyk pikriniň özünde haçan dörändigi we mundan soňky sepgitler barada gürrüň beripdir.

Ol şeýle islegini ilkinji gezek 2002-nji ýylda Türkiýäniň owalky premýer-ministri Bülent Ejewide ýetirendigini aýdypdyr.

Ejewidiň ýolbaşçylyk edýän Demokratik sol partiýasy (DSP) şondan soň geçirilen saýlawlara "Maksat informasiýa jemgyýeti" şygary bilen gatnaşypdyr.

Halyçy şol ýyldaky "Eý, Türkiýe, ynha bu-da e-Türkiýe" we "Ymaratly şäherden teknoşähere" ýaly beýleki şygarlara ünsi çekip, "Ejewit şeýle meselelerde gaty uzagy görüp bilýän bir adamdy" görnüşinde sözüniň üstüni ýetiripdir.

Elektron partiýanyň gurjusy ondan soň 2011-nji ýylda şol bir maksat bilen Respublikan halk partiýasyna (CHP) agzalyga ýazylanam bolsa, partiýanyň göz öňünde tutan maksadyna ýetip bilmändigini aýdypdyr. Şeýlelikde, ol "eParti" diýen elektron partiýasyny döretmeklik kararyna gelipdir.

Halyçy "Şeýle partiýa döretmäge nähili mätäçlik bardy?" diýen sowala hem "Raýatlarymyz syýasy partiýalaryň alyp barýan işlerine öz täsirlerini ýeterlik ýagdaýda ýetirip bilenoklar. Görnüşine görä, adaty agzalaryň partiýanyň ýolbaşçylaryna we karar mehanizmlerine täsiri ýok diýen ýaly derejede" diýip, jogap berdipdir.

Ol soň öz garaýyşlaryna şeýle dowam edipdir: "Elektron partiýany döretmekligiň maksady diňe bir ses bermäge we ideýanyň ýaýradylmagyna gatnaşmaklykdan ybarat däldir. Biz, raýatlarymyzyň - ýagny partiýa agzalarymyzyň syýasy işleriň her bir sepgidine öz täsirini has güýçli ýagdaýda ýetirip bilmegini we syýasy hereketde has köp paý almagyny göz öňünde tutýarys".

Öz edýän işlerine uly gyzyklandyrma bildirilýändigini nygtan Halyçy sözleriniň üstüni şeýle ýetiripdir:

"Elektron partiýanyň maksatnamasy we düzgünnamasy doly tamamlanandan soň, resmi agzalyk üçin raýatlara ýüz tutarys... Olaryň şahsy pikirlerini gönümel bize ýetirjek elektron ulgam taýýarlaýarys. Bu partiýa ýaşaýyşdan üzňe bolmaz. Ýagny bu owal karar kabul edip, soň ol karary agzalaryna açyklaýan partiýa bolmaz".

XS
SM
MD
LG