Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Atyşykda 3 adam öldi


Atyşykda Eýranyň iki serhetçisiniň, Pakistanyň bolsa bir harbysynyň wepat bolandygy aýdylýar.

Eýranyň metbugaty Rewolýusiýa goragçylary korpusynyň brigada generaly Bakş Habibä salgylanyp, «16-njy oktýabrda Sistan-Bulujystan welaýatynda birnäçe garakçynyň öldürilendigini» aýtdy.

Habarda pitneçileriň ulagynyň we alyp barýan ýaraglarynyň saklanandygy aýdylýar.

Şu aralykda Pakistanyň bir resmisi AFP habar gullugyna, eýran serhetçileriniň ulaglaryny oka tutmagy netijesinde, bir harbynyň öldürilendigini, dört esgeriň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Ol resminiň sözlerine görä, eýran serhetçileri pakistan harbylaryny serhуtaşyr oka tutupdyrlar, ýogsa olar şo mahal maşynly iki sany gümanlanýany yzarlap barýan eken.

XS
SM
MD
LG