Sepleriň elýeterliligi

Bişkekde ukrain toparynyň tansy bölündi


Özüni "Kalys", ýagny arbitr atlandyrýan topar Ukrainanyň «Kazaklar» tans toparynyň Bişkekde planlaşdyrylan çykyşyna päsgelçilik döretdi.

18-nji oktýabrdaky habarlara görä, 100 çemesi adam 17-nji oktýabr agşamy «Kazaklaryň» çykyş etjek ýeriniň ýanyna gelip, girelgäniň agzynda protest bildirdi.

«Kalys» özleriniň «homoseksual propaganda» ýol bermejekdiklerini, «Kalysyň» öňden gelýän maşgala gatnaşyklaryny saklamaga tarapdardygyny aýtdy.

«Kazaklar» köplenç homoseksuallagy wagyz etmekde günälenýär we olaryň çykyşlary Orsýetde hem protestlere duçar boldy.

Bişkek polisiýasy «Kalys» protestçilerine çäre görmek planlarynyň ýokdugyny, olaryň kanun bozmandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG