Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: 'Azerbaýjan bilen berk gepleşilýär'


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmisi Birleşen Ştatlar Azerbaýjanyň resmileri bilen bu ýurtdaky hukuk guramalarynyň garşysyna görülýän çäreler barada «berk gepleşiklere» girdi diýdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Demokratiýa, adam hukuklary we zähmet býurosyndaky kömekçisiniň orunbasary Tomas Melia amerikan resmileri Azerbaýjan bilen gepleşiklerde halkara we azeri jemgyýetçilik guramalaryna azar berilmeginiň «kabul ederlik» däldigini aýtdylar diýdi.

Ol Pragada geçýän 2000 Forumynyň gapdalyndan Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen «Amerikanyň sesiniň» täze döredilen «Häzirki zaman» telewizion programmasyna interwýu berip, Birleşen Ştatlar Azerbaýjanyň hökümetine «uzak möhletli durnuklylygyň we abadançylygyň esasy özeni raýatlaryň jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagyna bagly» diýýändigini aýtdy.

Melia bu sözleriň Özbegistana hem degişlidigini, ABŞ-nyň resmileriniň bu pikiri özbek resmileri bilen duşuşanlarynda hem aýdandyklaryny belledi.

XS
SM
MD
LG