Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD-a garşy güýçli kampaniýa çagyrylýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi YD jeňçilerine we beýleki ekstremist toparlara garşy göreşýän yrak güýçlerine has giňeldilen we güýçli goldaw bermäge çagyrdy.

Geňeş 17-nji oktýabrda çap eden beýanatynda YD-a garşy «ähli serişdeler» arkaly göreşilmeli we «onuň daýanýan çydamsyzlygy, zorlugy we ýigrenji ýok edilmeli» diýdi.

ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky harby koalisiýa YD-nyň Yrakdaky we Siriýadaky pozisiýalaryny birnäçe hepde bäri bombalaýar, Yragyň howpsuzlyk güýçleri we kürt peşmerge goşunlary jyhadçylar bilen gury ýerde söweş alyp barýar.

Howpsuzlyk geňeşi halkara jemgyýetçiligini Yragyň hökümetine, şol sanda howpsuzlyk güýçlerine YD-a garşy göreş üçin berýän goldawlaryny giňeltmäge çagyrdy.

ABŞ Türkiýäni, Yragyň we Siriýanyň duldegşir goňşusyny YD-a garşy söweşde has uly rol oýnamaga çagyrýar.

XS
SM
MD
LG