Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: 'Çäklendirmeler bolmasa gowy'


Lebapdaky "Ruhyýet" köşgi
Lebapdaky "Ruhyýet" köşgi

18-nji oktýabrda Lebap welaýatynda täze gurlan desgalaryň ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabaralar boldy.

Bu dabaralara anna güni Marydaky täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşan prezident G.Berdimuhamedow hem geldi.

Türkmen telewideniýesi prezidentiň gatnaşmagynda Lebap welaýat kitaphanasynyň, köp ugurly Söwda merkeziniň açylandygyny habar berýär.

Umumy bahasy 78 million 375 müň manat bolan bäş gatly kitaphana ýurduň telekeçileri tarapyndan gurlupdyr.

Prezident Berdimuhamedow welaýat kitaphanasynyň açylyşynda eden çykyşynda ýurduň ähli welaýatlarynda döwrebap kitaphanalaryň gurulýandygyny, kitaphana ulgamynyň işiniň bolsa yzygiderli kämilleşdirilýändigini aýtdy.

Ýöne Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda ýurt daşyndan kitap, gazet-žurnal almak mümkinçilikleri çäklendirildi, ýerli ýazyjylaryň bir toparynyň atlary gara sanawa saynyp, olaryň kitaplarynyň çykarylmagy gadagan edildi diýen maglumat bar.

Mundan başga, Türkmenistanda internetiň hem haýaldygy we onuň ilat köpçüligine elýeterliliginiň juda çäkli bolmagynda galýandygy aýdylýar.

Ýöne ýurtda täze, döwrebap kitaphanalaryň gurulmagy we ulanylmaga berilmegi ýerli ýaşaýjylar, kitap muşdaklary tarapyndan gowy garşylanýar.

Eýsem olar bu kitaphanalarda, umuman ylym-bilim, erkin maglumat alyp bilmek meselesinde ýene nähili giň mümkinçilikleriň döredilmegini isleýärler.

Azatlyk radiosy bu sorag bilen Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewe ýüzlendi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:42 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG