Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gitleriň kürsüsini partladan ussa


Jorj Elser
Jorj Elser

Kommunist agaç ussasy

Ýohan Jorj Elser garyp maşgalada dünýä inipdir. Onuň kakasy hemişe öýüne içgili ýagdaýda gelip, ejesini yzygiderli urýar ekeni. Elser özbaşdak ýaşamaklyk üçin agaç ussalygyny öwrenmäge başlapdyr.

Ondan soň Germaniýanyň dürli şäherlerinde mebel, sagat öndürýän desgalarda işläpdir. Kommunistlere hem işleýän mahaly goşulypdyr, ýagny Gyzyl goşunyň urşujylary bileleşigine.

Yzgiderli diýen ýaly işsiz galan, birnäçe aýal bilen gezen bolsa-da, maşgala gurup bilmedik Elser 30-njy ýyllaryň ahyrynda partlaýjy madda öndürýän zawoda işe alnypdyr. Gitleri öldürmeklik pikiri hem onuň küýüne, ynha, şol ýerde gelipdir.

Gitler şol döwürde ýesir düşelgelerini, tussaghanalary kommunistlerden doldurypdyr. Elser milletparazlaryň liderini häkimiýetiň başyna ýaňy geçen wagtyndan başlap ýigrenip ugrapdyr.

Şol bir wagtyň özünde Elser ateist bolman, eýsem protestant ekeni. Soň-soňlar Gestapodaky derňew-agtaryş işi geçirilýän mahaly ol buthana gitmekligiň, Isa pygambere doga etmekligiň özüne ynjalyk berýändigini aýdypdyr:

"Men ruhuň bedeniň ölmeginden soň hem ýaşamagy dowam edýändigine ynanýardym. Şol bir wagtyň özünde-de jennete gitmeklik üçin şeýle haky gazanmaklygyň gerekdigine ynanýardym. Men öz hereketim bilen has köp gan dökülmeginiň öňüni almak isleýärdim".

1939-njy ýylyň noýabr aýynda Berlindäki bäş günlük sorag wagtynda ol şeýle diýipdir:

"Men diňe nädip adamlaryň maddy ýagdaýyny gowulandyryp boljagyny we Germaniýany urşa sokmazlyk üçin näme etmelidigini oýlanýardym.

Meni şeýle maksada gönükdiren bolmady. Hatda Moskwa radiosyndan hem men hiç wagt režimi agdarmaklyk çagyryşyny eşitmändim.

Meniň pikrime görä, Germäniýa 3 adamyň häkimiýetden daşlaşdyrylmagy bilen üýtgäp biler. Olar: Gitler, Goering we Goebbels... Men milletparazlygy ýok etmek islemeýärdim... "

Öwreniş

Elser Gitleriň janyna kast etmeklik planyny Münhende durmuşa geçirmekligi ýüregine düwüpdir. Şol döwürde Münhen milletparazlygyň esasy öýjügi hasaplanýar ekeni. Her ýyl ol ýerde Piwe gozgalaňynyň bolan güni ýatlanýar ekeni (1923-nji ýylda Gitleriň häkimiýeti ele geçirmeklik synanyşygynyň bolan gününiň ýatlanmasy). Gitler hem her ýyl gelip şol ýerde çykyş edýär ekeni. 1938-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap Elser ýaňky şähere aýlanyp, ýatlama dabarasynyň geçirilýän ýerlerini synlap, möhüm nokatlary öwrenmäge başlapdyr.

Ahyrynda ol özüni soraga çekenlere şeýle diýip boýun alypdyr: "partlaýjy üçin iň amatly ýeriň tribunanyň arkasyndaky sütündigi babatda özüm ýagşy karara gelipdim. Men zawoddan partlaýjy madda ogurlamagy dowam etdim. Däriden doldurylan haltajyklary ýatýan otagymda düşegimiň aşagynda birikdirýärdim".

Elser sütüniň ölçeglerini, görnüşini has gowy öwrenmeklik üçin Münhen saparlaryny dowam edipdir. Ol ýany bilen fotoapparat hem alyp gidipdir. Şol mahal zawodyň işleri bulaşypdyr we ony işinden aýrypdyrlar. Ýöne şol wagta çenli ol jana kast ediş üçin gerek boljak partlaýjy mukdaryny alyp ýetişen ekeni. Aýlygyň deregine özüne berlen sagatlary bolsa ol bomba mehanizmini gurnamaklyk üçin ulanypdyr.

Elser awgust aýynyň 5-nde Münhene göçüp, ol ýerde bir öýi kireýine tutupdyr. Dabaranyň geçiriljek Burgerbrawkeller (Bürgerbräukeller) zalyna telim gezek (30-35 gezek) giripdir. Gije ol ýerde galyp, sütüni oýmaga başlapdyr. Gaýdan mahaly hem oýan ýerini ussatlyk bilen ýapypdyr. Ol jaýyň howpsuzlyk hyzmaty gaty gowşak bolan ekeni. Ýöne sentýabrda Germaniýa Polşa bilen urşa başlandan soň jaýyň howpsuzlygy biraz güýçlendirilipdir.

Noýabryň 1-nden 2-sine geçilen gije Elser bombany sütüne ornaşdyrmany başarypdyr. Gestapoçylaryň soragynda soň ol bu üstünligini nähili belländigi barada şeýle diýipdir: "Jaýyň yzyndaky gapydan çykyp, meýdança tarap gitdim we ol ýerde iki käse kofe içdim".

Agaç ussasynyň bihabar ýagdaýlary

Elser Gitleriň has owal Burgerbrawkellerde (Bürgerbräukeller) çykyş etmeklik pikrinden dänendiginden bihabar ekeni. Sebäbi ol bar ünsüni Fransiýa etjek hüjüm planyna gönükdirmek isläpdir. Ýöne soň ol pikrinden dänipdir. Çünki ümür onuň uçar bilen Berline gitmegine päsgelçilik döredipdir we milletparaz lider dabara gatnaşmaklyk kararyny beripdir. Emma, çykyşyny gysgaça görnüşde edip, derrew otly bilen Berline gaýtmak isläpdir. Şonuň üçinem adata öwrülen 2 sagatlyk çykyşyny gysgaldyp, 1 sagat etmekligi planlapdyr.

Gitler 3000 adamlyk märekäniň öňündäki çykyşyny sagat 9:07-de tamamlap, partlama jemi 7 minuda golaý wagt galanda ýanyndakylar bilen zaldan çykypdyr. Sagat 9:20-de bolan partlama kürsiň duran ýerini weýran edip, jaýyň üçegini hem uçurypdyr. Şol wagt dabara sowlanam bolsa, zalda 120 adam galan ekeni. Olardan 7 adam ölüpdir, 63 adam bolsa ýaralanypdyr. Agyr ýagdaýda bolan 16 adamdan ýene biri hassahanada ölüpdir.

Gitler partlama habaryny ýolda Nürnberge ýetip barýarka alypdyr. Ýozef Goebbels habary oňa ýetiren mahaly Gitler şeýle diýipdir: "Adamyň bagty çüwende şeýle bolýandyr". Bir salymdan soň ol has çynlakaý görnüşe eýe bolup: "Şu wagt indi has arkaýynlaşdym, köşeşdim. Burgerbrawkelleri hemişekilerden has owal terk etmegimiň subutnamasy Taňrynyň hem meniň maksadyma ýetmegimi isleýändigidir".

Elseriň tussag edilmegi

Elser şol günüň agşamy Şwessariýa serhedine 25 metr galanda tutulypdyr. Şonda onuň jübüsinden bomba taýýarlamaklygyň goldanmasy, şekilleri, Burgerbrawkelleriň içerki görnüşiniň şekilleri hem suratlary ýaly zatlar çykypdyr.

Münhende partlama gurnalandygy babatdaky habar birnäçe sagat soň serhetçilere hem baryp ýeten ekeni. Şondan soň Elser Münhen Gestaposuna tabşyrylypdyr.

Agyr gynamalardan birnäçe gün soň, ýagny 15-nji noýabrda Elser ähli zady boýnuna alypdyr. Derňewde onuň diňe özbaşyna hereket edendigi doly aýan bolanam bolsa, Gitleriň metbugat organy Elseriň Britaniýanyň gizlin habar alyş gullugynyň islegi boýunça hereket edendigini bildiripdir.

Elser sud edilmän, 6 ýyl özbaşyna ýeke adamlyk zyndanda saklanypdyr. 1941-nji ýyla çenli Münhen Gestaposunda, soň bolsa Saşenhawsen (Sachsenhausen) düşelgesinde saklanypdyr. Ony urşuň gutarmagyna 1 aý galanda, ýagny 1945-nji ýylyň 5-nji aprelinde Daksau (Daxau) düşelgesine äkidilen ýerinde öldüripdirler.

Uruşda ýeňlendigine göz ýetiren Gitler, öz janyna kast etmäge niýetlenenleriň hemmesini öldürtmeklik bilen, biraz ynjalypdyr.

Elseri atyp öldürip, meýdini hem ýakypdyrlar...

Uruşdan soň ol gahryman ýaly ýatlanmaga başlapdyr.

XS
SM
MD
LG