Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Liwiýadaky zorluklar ýazgarylýar


Birleşen Ştatlar, Germaniýa, Britaniýa, Fransiýa we Italiýa Liwiýada dowam edýän zorluklary ýazgaryp, içki söweşleri haýal etmän bes etmäge çagyrdylar.

Bäş döwletiň bilelikde çap eden beýanatynda «eger-de liwiýaly we halkara terror toparlary bu ýurdy buky hökmünde ulansalar, Liwiýanyň kynlyk bilen gazanylan azatlygynyň töwekgellik astynda galýandygy» aýdylýar.

Liwiýanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň dürli ýerlerindäki tire we yslam toparlarynyň garşysyna göreşip, kontrollugy öz ellerine almaga çalyşýarlar.

Dynç alyşdaky general Halifa Haftaryň ýolbaşçylygyndaky güýçler we ýaraglanan raýatlar Bengazi şäherinde yslamçy güýçlere garşy uruşýar.

Liwiýanyň hökümeti tire toparlary tarapyndan kontrolluk edilýän paýtagt Tripoliden gaçyp çykmaga mejbur boldy.

XS
SM
MD
LG