Sepleriň elýeterliligi

Hoň-Koň: protestçiler, polisiýa çaknyşdy


19-njy oktýabr güni irden Hoň-Koňda demokratiýaçy protestçiler bilen polisiýanyň arasynda zorlukly çaknyşklar boldy.

Polisiýa Hoň-Koňuň Moň Kok töweregindäki protestçileri dargytmak üçin dürre ulandy. Bu üç hepde bäri dowam edýän protestler netijesinde yzygider dördünji gün çaknyşk bolýar diýildigidir.

Köpüsi studentlerden bolan protestçileriň birnäçesi çaknyşyklarda gana boýaldy we medisina kömegine mätäç boldy.

«Saýawan rewolýusiýasy» adyny alan protestleri gurnaýjylar öz kandidatlaryny hödürlemek hukuklaryna eýe bolmak isleýärler.

Hoň-Koňuň pekinçi lideri Leaň Çan-ýiň 21-nji oktýabrda studentler bilen duşuşmagy wada berýär.

XS
SM
MD
LG