Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak ministrlerini belleýär


Yragyň parlamenti ýurduň täze goranmak we içeri işler ministrlerini tassyk etdi.

Bu tassyklaýyş Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadiniň birnäçe hepde gijigen täze hökümetiniň ahyry düzülendigini aňladýar.

Kanun çykaryjylar 18-nji oktýabrda Muhammad Salim al-Gabbani içeri işler ministrligine tassyk etdiler. Ol şaýy deputaty bolup, Abadiniň Kanun döwleti syýasy birleşigine degişli.

Sünni arap birleşigine degişli Halid al-Obaýdi bolsa goranmak ministrligine tassyk edildi. Ol daşy gabalan şäher Mosuldan.

Gabban bilen Obaýdiniň wezipä bellenen wagty Yragyň «Yslam döwleti» topary bilen aldym-berdimli söweş gurýan wagtyna gabat geldi.

Parlament Abadiniň bu wezipelere öz hödürlän kandidatlaryny ret etdi.

XS
SM
MD
LG