Sepleriň elýeterliligi

TSSR-iň döredilmeginiň taryhyndan


Türkmenistan SSR-niň döwlet gerbi

Türkmenistan SSR-niň döwlet gerbi

Oktýabr rewolýusiýasynyň ýeňşinden (07.10.1917 ý.) soňra Orta Aziýada Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasy (Türküstan ASSR-i, aprel, 1918 ý.), Horezm Halk Sowet Respublikasy (HHSP-sy, mart, 1920 ý.), Buhara Halk Sowet Respublikasy (BHSR-sy, sentýabr, 1920 ý.) döredildi.

Olar rewolýusiýadan ozalky syýasy-dolandyryşyň esasynda döredilipdi. Orta Aziýada ýaşaýan milletler böleklere bölünip, şol üç respublikada ýaşaýardy.

Meselem, türkmenleriň 43,2%-i Türküstan ASSR-nde (ozalky Türküstan guberniýasy), 29,8%-i HHSR-de (ozalky Hywa hanlygy), 27%-i BHSR-de (ozalky Buhara emirligi) ýaşaýardy.

BK(b)P MK (Bütinrussiýa Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komiteti) 12.06.1924-de “Orta Aziýa respublikalarynyň milli bölünişigi hakynda” karar kabul etdi.

Karar partiýa guramalarynda, halk köpçüliginiň arasynda yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýar. Soňra Türküstan MIK-niň (Merkezi Ispolnitel (ýerine ýetiriji) komitetiniň) adatdan daşary III sessiýasy, Sowetleriň Bütinhorezm V hem-de Sowetleriň Bütinbuhara V gurultaýlary Orta Aziýa respublikalarynda milli bölünşigi geçirmek hakynda karar kabul edýär. SSSR MIK-niň II sessiýasy (27.X.1924) karary tassyklaýar.

Türkmenistan Rewkomy (Rewolýusiýa komiteti) döredilýär (05.XI.1924). Onuň düzümine N.Aýtakow (başlyk), G.Atabaýew, I.I. Mežlauk, N.A.Paskuskiý, H.Sähetmyradow, S.P.Timaşkow… girizilýar.

14-24.02.1925-de Aşgabatda Sowetleriň Bütintürkmenistan uçreditel gurultaýy bolýar. Gurultaý “TSSR-i döretmek hakyndaky Jarnamany”, “Türkmenistan SSR-niň SSSR-iň düzümine meýletin girýändigi hakyndaky” karary kabul edýär.

N.Aýtakow MIK-e başlyk saýlanýar. (Bellik: SSSR we onuň düzümine girýän respublikalar Konstitusiýa laýyklykda parlament respublikasydy. MIK-iň başlygy (ol soňra Ýokary Sowetiň Prezidiumy diýlip atlandyryldy) iň ýokary wezipäni eýeleýärdi. TSSR-iň ilkinji konstitusiýasy 26.03--08.04.1927-de TSSR Sowetleriniň II gurultaýynda kabul edildi).

TSSR Hökümeti - Halk Komissarlar Soweti döredilip, G.Atabaýew başlyk saýlanýar.

14-19.02.1925-de Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň I gurultaýy bolup, I.I.Mežlauk, H.Sähetmyradow sekretarlyga saýlanýar.

Türkmenistan Komsomolunyň (LKSMT) Merkezi komitetiniň sekretarlygyna Çary Wellekow saýlanýar. Gurultaýyň işine Bütinsoýuz MIK-iň Başlysy (Bütisoýuz starosta) M.I.Kalilin gatnaşýar.

Sowetleriň 1925-de (maý) geçen Bütinsoýuz III gurultaýynda TSSR SSSR-iň düzümine kabul edildi.

Daşary ýurtlaryň arasynda ilkinjileriň biri bolup, Türkiýe Respublikasy 25.XI.1925-de geçen Hökümet mejlisinde TSSR-iň özbaşdak döwletdigini ykrar edýän karar kabul etdi.

TSSR döredilende onuň tutýan meýdany 488,0 müň inedördil kilometrdi. Ilat sany 1 mln.7 müň adamdy. Ilatynyň 72,9%-i türkmendi. Ol SSSR-de ýaşaýan türkmenleriň umumy sanynyň 94,2%--idi.

Peýdalanylan edebiýatlar: Turkmeniýa, tom 1-2, Leningrad,1929; 2.Türkmenistanyň taryhy, Aşg.,1970.

Suratlar “Sowet Türkmenistany”, fotoalbom, Aşg., 1964 (türkmen rus, iňlis, arap dillerinde); “Türkmen sowet ensiklopediýasy”, Aşg.,1978, 10-njy tomundan alyndy.

Maglumat:

Şasoltan Garajaýewa (1889-1941), Gazanjyk etrabynda doglan, TSSR-de Jogapkär wezipelerde işlän. 1921-de Lenin, onuň aýaly N.K.Kurupskaýa bilen duşuşan.

Ene Kulyýeýwa (1892-1925), Gyzylarbatda doglan. TSSR-de
aýal-gyzlaryň azatlygy ugrunda uly işleri bitiren, jogapkär wezipelerde işlän.

Taýýarlan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.

XS
SM
MD
LG