Sepleriň elýeterliligi

Eýran kislotaly hüjümleri derňeýär


Eýranyň resmileri zenanlaryň ýüzüne kislota sepmek arkaly amala aşyrylan ençeme hüjümi derňäp başlandyklaryny habar berýärler. Bu wakalar Tähranyň 450 kilometr günortasynda ýerleşýän taryhy Yspyhan şäherinde ýüze çykyp başlady.

19-njy oktýabrda Eýranyň polisiýa ofiseri Hossein Aştariýe salgylanyp resmi “IRNA” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, soňky birnäçe günüň dowamynda Yspyhanda ýüzüne kislota sepilen dört zenan hasaba alnypdyr.

Aştariniň sözlerine görä, bu hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän şübheliler tussag edilip, bu baradaky derňewler dowam edýär. Emma polisiýa ofiseri bu derňewler barada has jikme-jik maglumat bermedi.

Eýrandaky käbir sosial ulanyjylaryň aýtmagyna görä, ýurtda 13 zenan sürüjiniň ýüzüne kislota sepilipdir. Maglumatda olaryň ýurtda talap edilýän egin-eşik düzgününe laýyk geýinmändigi üçin nyşana alnandygy bellenilýär.

Yspyhandaky ýokary derejeli ruhany Hojatolislam Mohammad Tagi Rahbar “islendik bahana bilen amala aşyrylan bu hereket ýazgarylmaga mynasypdyr” diýip, zenanlara garşy amala aşyrylan bu hüjümleri ýazgardy.

XS
SM
MD
LG