Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe yrakly kürt söweşijilere ýardam berýär


Türkiýäniň hökümeti Siriýanyň Kobani şäheriniň “Yslam döwleti” atly toparyň jyhadçylaryna garşy göreşine ýardam bermek üçin bu ýere yragyň kürt söweşijilerini geçirmäge goldaw berýär.

20-nji oktýabrda Ankarada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu ýurduň Kobani baradaky syýasatyndaky üýtgeşmäni mälim etdi.

Çawuşogly habarçylara beren maglumatynda gepleşikleriň dowam edýändigini aýdyp, bu barada jikme-jik maglumat bermegi ret etdi.

18-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Kobani şäherindäki ýagdaýlar barada maslahat etdi.

19-njy oktýabrda Birleşen Ştatlaryň harby uçarlary Kobani şäherindäki kürt söweşijilerine howadan ýaraglary we harby serişdeleri okladylar.

Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň berýän maglumatyna görä, Birleşen Ştatlar “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy 135-den gowrak howa zarbalaryny amala aşyrypdyr.

XS
SM
MD
LG