Sepleriň elýeterliligi

Rus ombudsmany ÝB-ny tankyt etdi


Russiýanyň adam hukuklary boýunça ombudsmany Ýewropany gündogar Ukrainadaky “adam heläkçiliklerini ýok hasap etmekde” ýiti tankyt etdi.

20-nji oktýabrda “Rossiiskaýa gazeta” atly neşirinde çap bolan interwýusynda Ella Pamfilowa Ýewropa “adam hukuklary, demokratiýa we söz azatlygy meselesinde nusgalykdygyna” garamazdan, ol “günorta-gündogar Ukrainadaky ýagdaýlary ýok hasap etmegi saýlap alýar” diýdi.

Şeýle-de, ol Ýewropanyň metbugaty “ähli zatda Russiýany aýyplamak baradaky buýruklary berjaý edýär” diýdi.

Pamfilowa “Russiýany tankyt etmek üçin sebäpleriň bardygyny” kabul etdi, emma ol “muny amala aşyrmak isleýäniň ahlak hukugynyň bolmalydygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

Pamfilowa Boris Ýeltsiniň prezidentlik eden döwri ýurduň sosial meseleler boýunça ministri we 1994-1999-njy ýyllarda Russiýanyň Döwlet Dumasynyň lideral agzasy wezipesinde işläpdi.

XS
SM
MD
LG