Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan 10 müň tussagy amnistiýa düşürmekçi


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 10 müň çemesi tussagy amnistiýa düşürmek baradaky kanun taslamany ýurduň parlamentine hödürledi.

20-nji oktýabrda Täjigistanyň prezident edarasynyň beren maglumatyna görä, kanun taslamasy esasynda zenanlar, kämillik ýaşyna ýetmedikler, maýyplar, uruş weteranlary we daşary ýurt raýatlary, şol sanda tussaglyk möhletiniň azyndan dörtden üç bölegini tamamlanlar azatlyga goýberiler.

Muňa garamazdan, bu kanun taslamasy agyr jenaýatlar, şol sanda adam öldürmekde, dönüklikde ýa-da terrorizmde aýyplanýan tussaglary amnistiýa düşürmez.

2011-nji ýylda Täjigistanda kabul edilen amnistiýa baradaky kanun esasynda 4 müň 300 tussag azatlyga goýberilip, başga-da 5 müň çemesiniň tussaglyk möhleti kemeldilipdi we dürli aýyplamalar bilen aýyplanýan 5 müň adamyň aýyplamasy güýçden gaçyrylypdy.

XS
SM
MD
LG