Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Dollar ugrundaky nobatlar


Eýýäm birnäçe gün bäri paýtagtyň döwlete degişli banklarynda we kommersiýa banklarynyň daşary ýurt walýutasyny satýan alyş-çalyş punktlarynda adaty bolmadyk nobatlar emele geldi. Käbir alyş-çalyş punktlarynda 20 adam nobata duran bolsa, käbirlerinde 50-den hem köp adama duş gelse bolýar.

Paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky Türkmen-türk halkara paýdarlar bankynyň alyş-çalyş punktunda şenbe güni 50-60 adam günortanky arkesmeden soň nobata durdular. Ýimpaş söwda merkeziniň içindäki Western Unionda we bu söwda merkeziniň golaýyndaky Senagat bankynyň alyş-çalyş punktlarynda 30-40 adam nobata düzüldiler.

Alyş-çalyş nokatlarynda adam başyna 1000 dollardan köp dollar satylmaýar.

Alyş-çalyş nokatlarynda adam başyna 1000 dollardan köp dollar satylmaýar.

Nobatsyz alyş-çalyş punktlary hem bardy. Emma bu punktlarda ABŞ-nyň dollary ýokdy ýa-da gutarypdy. Mysal üçin, ”Ors bazaryndaky” “Aşgabat” söwda merkeziniň birinji gatyndaky alyş çalyş punktunda şenbe güni günortanky arakesmä çenli ABŞ-nyň dollary gutarypdy. Şu gün Parahat-1 mikroraýonyndaky Türkmen-türk halkara paýdarlar bankynyň alyş-çalyş punktunda hem günortana çenli dollar gutarypdy.

Adamlaryň ählisi hem ABŞ-nyň dollaryny satyn almaga nobata durýalar. ABŞ-nyň dollaryny satjak bolýanlar, nobata durmazdan, ellerindäki walýutany türkmen manadyna çalşyp bilýärler. Alyş-çalyş nokatlarynda adam başyna 1000 dollardan köp dollar satylmaýar. Şonuň üçin bu nobatlara öz ýakynlary, dost-ýarlary bilen gelýänlerem bar.

“Dollaryň hümmeti ýokary galjakmyş diýdiler. Şonuň üçin öňünden dollary satyn alyp goýjak bolýaryn” diýip, nobatda duran ýaşy 35-ä golaý paýtagtly söwdagär Aman aýdýar.

Dollar ýetmezçiligi dollar söwdasynyň “gara bazarynda” hem duýulýar. Häzir “dollarçy daýzalar” diýlip atlandyrylýan söwdagärleriň diňe käbirleri dollar satýarlar. Olaryň aglabasy diňe dollary satyn alýarlar. “Dollarçy daýzalaryň” özlerini bolsa resmi işleýän alyş-çalyş punktlarynyň öňündäki nobatlarda hem görse bolýar.

Dollar ýetmezçiliginiň takyk sebäbini bilýän ýok. Adamlar, esasan, çaklamalardyr eşiden myş-myşlary boýunça munuň sebäbini düşündirjek bolýarlar. Ýakyn wagtda dollaryň hümmetiniň ýokary galjakdygy baradaky çaklama bolsa adamlaryň arasynda iň köp ýaýran çaklamanyň biri.

Şol bir wagtda hem ABŞ-nyň dollarynyň satuwy bilen bagly emele gelen bu ýagdaýyň sebäpleri barada habar serişdelerinde hiç hili resmi düşündiriş hem berlenok. Bank işgärlerinden hem häzirki emele gelen ýagdaý barada hiç hili maglumat almak başartmady.

Dollar babatyndaky häzirki dörän ýagdaý geçen hepdäniň başynda, 13-nji oktýabrda prezident Berdimuhamedowyň milli manadyň hümmetini durnukly saklamagyň möhümdigini belläp eden çykyşyna gabat geldi. Berdimuhamedow şol çykyşynda manadyň daşary ýurt walýutasyna görä hümmetiniň durnukly saklanmagyny “durmuşa geçirilýän milli ykdysady strategiýanyň dogrudygyny äşgär edýän görkezijileriň biridigini” aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýyldan bäri ýurtda ABŞ-nyň dollarynyň fiksirlenen kursy ýöreýär. Bir dollar 2 manat 85 teňňä deňlenen bu kurs şondan bäri üýtgedilenok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG