Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Allaberdi Haýydyň ölümine


Allaberdi Haýydow

Allaberdi Haýydow

Içime sygman ýazan şu goşgyma "Allaberdi Haýydyň ölümine" diýip at goýdum. "Ölümine" diýen söze adamyň eli barsa barar eken, dili barmaz eken.

Neslimiz ýat tutdy olaň goşgusyn,
Neslimiz olaryň aýdymyn aýtdy.
Bizde gowy şahyr köpdi o ýyllar,
Olaň birem Allaberdi Haýytdy.

Magtymguly däldi, elbetde, olam,
Pyragy bir gezek berilýä ile!
Ýöne, çyn ýürekden şygryny joşdy,
Hem kör abraý üçin gurmady hile.

Golsuz arzalaryň ýoň bolan döwri
Hakykaty ýazdy, adyn bukmady.
Yralap-yralap gowşatdy kökün
Galplyk agajynyň. Arman, ýykmady.

Gaýtam ony ýykdy namartaý galplyk,
Çekdi oňa kemsidiji atanak.
…Günde bir haram iş etmese kümsük –
Gije uky haram, daňam atanok.

Allaberdiň goşgularyn ýat tutup,
Edebiýatdan "bäşlik" baha alanlar
Bu gün oňa goýup otyr "ikilik"!
Hakykata piçjiň atýa ýalanlar.

Ýene bir şahyryn ýitirdi türkmen,
Äsgermezlik bilen gysgaltdy ömrün.
Birtopar körzehin çaldy ýüzüne
Adalatsyzlygyň şar-gara kömrün.

Tötändenem uçrap bolýa meslige,
Pesligi meýletin saýlaýa adam.
Şahyr merdem başyn dik tutup gitdi,
Soraman, dilemen sylagam, adam.

Erte bilner – harpykmy sen, çäçmi sen,
Mertebeli kişä gerek däl synag!
Bu gün – edebiýatyň wejera güni
Gadagan edilmek – iň uly sylag.

Bu gün çap edilmek – masgaraçylyk.
Balagyň ýok bolsa guşak guşanma…
Bu gün gep däl seniň näçe ýaşanyň –
Nähili ýaşadyň? Gep, ana, şonda!

XS
SM
MD
LG