Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: “Totalyň” resmisi uçar heläkçiliginde öldi


Fransiýanyň ägirt uly “Total” nebit kompaniýasynyň ýerine ýetiriji başlygy öz edarasyna degişli uçaryň Moskwanyň Wnukowa aeroportundaky gar arassalaýan maşyn bilen çaknyşmagy netijesinde öldi.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, gürrüňi gidýän çaknyşyk 20-nji oktýabrda gijäniň ýary bolupdyr. Bu wakanyň netijesinde Kristof de Margeri (Christophe de Margerie) we uçardaky üç ekipaž agzasy öldi.

Fransuz kompaniýasynyň uçary güýçli ümürde ýokary galmaga synanyşan mahaly aeroportdaky gar arassalaýan maşyn bilen çaknyşdy.

Derňewçileriň berýän maglumatyna görä, wakanyň bolan pursaty maşyny dolandyryjy “serhoş ýagdaýda” eken.

63 ýaşyndaky Margeri 2007-nji ýyldan bäri dünýäniň iň uly bäşinji nebit we gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji başlygy wezipesinde işleýärdi.

XS
SM
MD
LG