Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Telekanalyň işi togtadyldy


Pakistanyň metbugat serişdelerini düzgünleşdirýän resmileri ýurduň kanunçylygyna “dil ýetireni” üçin diýip, ýurtdaky hereket edýän habar telekanalynyň işini 15 günlük togtatdy.

21-nji oktýabrda Pakistanyň Elektron metbugat serişdelerini düzgünleşdirýän edarasynyň resmileri suduň kararynyň yzýany, hususy eýeçilikdäki “ARY” atly habar telekanalynyň ýapylandygyny habar berdiler.

Şeýle-de, “ARY” atly telekanalyň 100 müň amerikan dollaryna golaý jerime tölemelidigi barada karar çykarylyp, onuň alyp baryjylarynyň biri Mubaşar Lukman islendik milli telekanalda çykyş etmekden mahrum edildi.

Suduň bu çykaran kararyna garşy ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherinde onlarça žurnalist protest çärelerini geçirdi.

“ARY” atly telekanal premýer-ministr Nawaz Şarifiň saýlawlarda etdi diýilýän galplyklaryna garşy onuň wezipesinden çekilmegi talap edilip geçirilýän hökümete garşy protestleri goldap gelýär.

XS
SM
MD
LG