Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Göknaryň önümçiligi rekord derejesine ýetdi


Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän gurama Owganystanda göknaryň ösdürilip ýetişdirilişini togtatmak üçin Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň 7,6 milliard amerikan dollary möçberinde çykdajy edýändigine garamazdan, yslam respublikasynda göknaryň ösdürilip ýetişdirilişiniň rekord derejesine ýetendigini habar berýär.

Owganystany Gaýtadan dikeltmek boýunça ýörite derňew edarasy özüniň 21-nji oktýabrda ýaýradan raportynda 2013-nji ýylda göknar ekilen territoriýanyň 209 müň gektara çenli artandygy habar berýär.

Edara munuň sebäbini göknaryň bahasynyň ýokarlanmagy, arzan işçi güýjüniň artmagy we tehnologik serişdeleriň elýeterliligi bilen düşündirýär.

Owganystanda göknar ekilýän esasy territoriýalar ýurduň günortasynda we gündogarynda ýerleşýär. Bu territoriýalar “Talyban” söweşijileriniň täsiri astyndaky ýerlerdir.

XS
SM
MD
LG