Sepleriň elýeterliligi

Uzaga çeken ýol gurluşygy


Lebabyň Garaşsyzlyk etrabynyň Nyýazow şäherçesine barýan ýol

Lebabyň Garaşsyzlyk etrabynyň Nyýazow şäherçesine barýan ýol

Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahatyna gabatlap, şäheriň we onuň golaý-goltumyndaky köçeleriň tas hemmesi diýen ýaly täzeden oňaryldy, köçeleriň gyrasynda ýörite ýagtylyk beriji sütünler dikildi. Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabatdan 25 km uzaklykdaky Garaşsyzlyk etrabynyň hem ozal çukurlardan doly we tozap ýatan köçeleriniň durky, dabaraly çärelere gabatlanyp, gysga wagtyň içinde täzelendi.

Emma baýramçylyk çärelerine gabatlap uzak wagtlap idelmedik köçeler oňarylsa-da, Garaşsyzlyk etrabynyň Nyýazow şäherçesine girilýän ýerdäki, Türkmenabada tarap gidýän awtomagistralyň bir kilometrlik bölegindäki gurluşyk işleri eýýäm bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

Ýoluň gurluşygy tabşyrylan ýerli hususy kärhana geçen ýylyň noýabryndan bäri ýoly giňeltmek, onuň üstüne däş düşemek, gyralaryna bordýurlamak işlerini geçirýär.

Şol bir wagtda Nyýazow şäherçesine barýan ýoluň alnyp barylýan işler sebäpli petiklenip, aýlawlaryň goýulmagy ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna öz ýaramaz täsirini ýetirýändigi aýdylýar.

“Ýol petiklenýär, taksiler hem uzak aýlawlardan aýlanmaly bolýarlar, şeýlelikde bizi taksiçiler öýümize eltmän, ýoluň petiklenen ýerinde ulagdan düşürip gitmeli bolýarlar” diýip, Garaşsyzlyk etrabynyň Çandyr obasynyň ýaşaýjysy Jumabaý Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Jumabaý ýol gurluşyk prosesiniň hem gatnaýanlar üçin amatsyz taraplarynyň bardygyny aýdýar: “Olar her gün irden ýola suw ulagy bilen suw sepýärler. Irden Türkmenabada işe gatnaýan adamlar, taksiçiler we beýleki sürüjiler palçykdan geçmäge mejbur bolýarlar. Irden sepilen suw siňýänçä ulagyny bulamajak bolup, öwrümli uzak ýoldan şäherçä girýän we şäherçeden çykýan sürüjilerem bolýar”.

Belläp geçsek, bu ýolda tomus aýlary gurluşyk işleri asla-da togtadylyp, ol dolulygyna petikli saklanypdy. Netijede şäherçäniň ýaşaýjylary öýlerine aşmak üçin üç aý töweregi beýleki obalaryň üsti bilen adatdakysyndan 10 km artykmaç ýoly geçmäge mejbur bolupdylar.

Şeýle-de gürrüňini edýän ýolumyzda irdendenden agşama çenli gidýän gulruşyk işleri sebäpli howa galýan tozanyň hem belli bir derejede amatsyzlyklary döredýändigi aýdylýar.

“Tozandan ýaňa dem alar ýaly bolmaýar, demirgazykdan şemal öwsende ýagdaý hasam beterleşýär, yoldan gelýän tozan öýlerimize siňýär, ýaz aýlary daşarda oturmak kyn” diýip, abatlanýan ýoluň ugrundaky Çandyr obasynyň ýaşaýjysy Jumabaý belleýär.

Ýoluň gurluşygynyň uzaga çekmegi gurluşyk işleriniň ýygylygy, ýagny işleriň yzygiderli togtadylmagy bilen düşündirilýär. Ýoluň gurluşygy bilen meşgullanýan ýerli kärhananyň bir işgäriniň aýtmagyna görä, gurluşyk materiallary wagtynda ýetişmeýändigi sebäpli, gurluşyk işleri ýygy-ýygydan, käte ençeme hepdeläp hem duruzylýar.

Ýoluň gurluşygynyň uzaga çekmegi bilen baglylykda etrabyň degişli resmileri bilen habarlaşylanda, olar “ýoluň tizara gurlup gutaryljagy” baradaky wadadan başga goşmaça maglumat bermediler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG