Sepleriň elýeterliligi

HRW ukrain armiýasyny aýyplaýar


Donetskiň eteginde ýüze çykan partlama

Donetskiň eteginde ýüze çykan partlama

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rigths Watch guramasy Ukrainanyň armiýasyny “urşuň kanunlaryny” bozmakda aýyplady. Gurama ukrain harbylarynyň ýurduň gündogarynda separatistleriň gözegçiligindäki sebitlerde kasseta ok-därilerini ulanandygyny aýdýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän bu guramanyň 20-nji oktýabrda ýaýradan maglumatynda “ýagdaýlaryň bu ýaraglary hökümete garşy separatistleriň hem ulanan bolmagynyň mümkindigini görkezýändigi” nygtalýar. Human Rigths Watch kasseta ok-därilerini ulanmagyň “uruş jenaýaty hökmünde häsiýetlendirilip bilinjekdigini” duýdurdy.

Human Rigths Watch guramasynyň ýokary derejeli derňewçisi Ole Solwang “Gündogar Ukrainada bir hepdä golaý geçirilen derňewleriň netijesinde kasseta ok-därileriniň giň gerimde ulanylandygynyň üsti açyldy” diýip, maglumat berdi.

Ol: “Biziň delillerimize görä, ukrain armiýasy bu hüjümleriň azyndan birnäçesine jogapkärdir. Human Rigths Watch guramasy bu hüjümlerde parahat ilatyň arasyndan azyndan alty adamyň öldürilendigini we onlarçasynyň ýarlanandygyny äşgär etdi” diýdi.

Konflikt

Bu aýyplamalar ukrain armiýasynyň ýurduň gündogaryndaky sebitlerde kontrollygy saklmak ugrunda alyp barýan kampaniýasyna başlany bäri, olara garşy gönükdirilen iň ýiti aýyplama boldy.

AFP habar gullugy ukrainanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Bogdan Senykyň bu aýyplamalary inkär edip, olary “esassyz” diýip atlandyrýan sözlerini getirdi.

Ok atyşygy bes etmek boýunça 5-nji sentýabrda baglaşylan ylalaşyga garamazdan, ýedi aý bäri dowam edýän bu konfliktde 4 müňe golaý adam öldi.

Kasseta ok-därileri diýip, ýarylan mahaly ençeme, hatda ýüzlerçe bölege bölünip ýaýraýan partladyjylara aýdylýar. Olar tä biri üstünden barýança hem ýeriň ýüzünde saklanyp bilýär.

Human Rigths Watch guramasynyň berýän maglumatyna laýyklykda, şeýle parladyjylar gündogar Ukrainadaky “ilatly punktlaryň azyndan 10 sanysynda” ulanylypdyr.

Ukraina 2008-nji ýyldaky Kasseta ok-därileri boýunça konwensiýa gol goýan ýüzlerçe beýleki ýurtlaryň arasyna girmeýär.

XS
SM
MD
LG