Sepleriň elýeterliligi

Rim papasy gomoseksuallary gorap bilmedi


Rim papasy Fransis, 2014

Rim papasy Fransis, 2014

Sinod gomoseksuallara we maşgaladan aýrylyşanlara oňaýly çemeleşýän çykyş etmeklikden ýüz öwrüpdir.

Rim papasy Fransisiň gomoseksuallara we maşgalasyndan aýrylyşyp, gaýtadan nikalaşmak isleýänlere has oňaýly garaýyşlary öz içine alýan görnüşde çykyş etmek teklibi katolik ybadathananyň ýokarky organy bolan Sinod tarapyndan ret edilipdir.

Şeýle teklipleri öz içine alýan bölümler sese goýuşlykdan geçmändir we resmi dokumentleriň sanawyndan çykarylypdyr.

Çeşmeleriň habar bermegine görä, katolik ybadathana geýlere we aýrylyşandan soň gaýtadan nikalaşan katoliklere has oňaýly çemeleşmekligi göz öňünde tutýan maddalaryň üstünde gaýtadan gaty köp işläpdir we şol maddalar gaty umumylaşdyrylypdyr. Ýöne, muňa garamazdan, şeýle gowşak resminama bu sapar sinodyň göwnünden turmandyr we razy edip biltmändir.

Şol iki madda resminamadan çykarylandan soň taýýarlanjak hasabatyň taslamasy kabul edilipdir.

Sese goýuşlykdan soň žurnalistler bilen synçylaryň öňünde çykyş eden Rim papasy teklip edilen maddalar barasynda "çekeleşikli we gazaply jedelleşikler bolmadyk bolsady ýa-da şol resminama hakykata gabat gelmeýän ýagdaýda sessiz-üýnsüz kabul edilen bolsady, onda has oňaýsyz ýagdaý bolardy" diýipdir.

Hudaýdan garaşylmadyk ýagdaýlar

Özüniň ussatlyk bilen eden diplomatik çykyşynda papa Fransis "ýazylan sözlere ýapyşyp, öz eňegine tutup duranlaryň" we özüni "Hudaýyň garaşylmadyk ýagdaýlaryndan daşlaşdyrjak bolýanlaryň", "dawaçyl we kejirligiň" zyýanlary barada hem durup geçipdir.

Habar berilişine görä, beýannamanyň tassyklanan görnüşinden çykarylan maddalarynda şeýle zatlar ýazylan ekeni "gomoseksual adamlar hem hristian jemgyýete sowgat bermeklik üçin aýratynlyga we ygtyýarlyga eýedirler". Tassyk bolan görnüşinde bolsa şeýle diýlipdir "gomoseksuallary ýekirmeklikden ýüz öwürmeklik gerekdir".

Rim papasynyň bildirmegine görä, ol beýannama "ondan çykarylan bölümler bilen bilelikde" doly tekst görnüşinde çap ediler.

Papa Fransisiň aýtmagyna görä, kabul edilen resminama buýruk ýa-da "görkezme" däl, eýsem gozgalan meseleleriň geljekde-de maslahatlaşyljakdygyny ýaňzydýar.

Mesele gün tertibinde galar

Habarçylar bolsa iki hepdeläp dowam eden sinod katolik buthanasynyň 21-nji asyrda adamyň jynsy ýagdaýyna çemeleşmeklik meselesinde bir pikire gelip bilmänligine tankydy çemeleşipdirler.

Şeýlelikde, Rim papasynyň Injili ýaňzydyp, "özlerini diňe ýazylanlar bilen çäklendirmezlik" babatda çagyryş eden kardinallary we ýepiskoplary mukaddes papanyň ýüzlenmesine gulak asmandyrlar.

Munuň bilelikde resminamadan çykarylan maddalary sesleriň ýüzden 50 böleginden köpüsini alypdyr. Beýannama girizilmegi üçin olara kardinallaryň üçden iki böleginiň ses bermegi zerur ekeni.

Synçylaryň pikrine görä, häzirki ýagdaý meseläniň bir ýyldan soň Rimde has giň gerimli görnüşde geçiriljek sinod ýygnanyşygynda gün tertibine girizilmegine mümkinçilik döreder.

Maşgala meselelerine garalan Watikan sinodyna iki ýüzden gowrak ýepiskop gatnaşypdyr.

Üstünlikmi ýa-da hyýanat?

Britaniýanyň katolikleriniň “The Tablet” žurnalyndan Kristofer Lambyň bellemegine görä, şeýle meseleleriň gün tertibine girizilmeginiň özem gaty uly üýtgeşiklikdir.

Jenap Lamb sözleriniň üstüni şeýle ýetiripdir: "Sinoda gatnaşan ýepiskoplaryň ýaşaýan ýurtlarynyň köpüsinde gomoseksuallygyň kanun boýunça gadagan edilendigi göz öňünde tutulmalydyr".

Onuň aýtmagyna görä, indi "gomoseksuallyk" sözi buthananyň işgärleriniň sözlügine goşulypdyr.

Konserwatiw ruhanylar bolsa beýannama taslamasynyň maslahata goýulmagyny "hyýanat" diýip atlandyrypdyrlar.

XS
SM
MD
LG