Sepleriň elýeterliligi

Täjik resmisi neşe gaçakçylygynda tussag edildi


Täjigistanyň serhet gullugynyň ýokary derejeli resmisi neşe gaçakçylygy bilen ilteşikli tussag edildi.

Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň metbugat sözçüsiniň 22-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän ofiser we başga-da dört sany resmi ýurduň hukuk goraýjy organlary tarapyndan geçirilen ýörite operasiýada tussag edilipdir.

Tussag edilen ofiseriň şahsyýeti barada henize çenli köpçülige maglumat berilmedi.

Agzalýan komitetiň metbugat sözçüsiniň berýän maglumatyna görä, geçirilen reýdde takmynan 100 kilogram göknar we 30 kilogramdan gowrak geroin ele salnypdyr.

Tussag edilenleriň Merkezi Aziýanyň üsti bilen Owganystandan Russiýa we Ýewropa bikanun neşe gaçakçylygyny etmäge gatnaşan guramaçylykly jenaýatlary amala aşyrýan toparyň agzasydygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG