Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Polio toparyna hüjüm edildi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda uzakdan dolandyrylýan bomba bilen poliomielit keseline garşy sanjym edýän saglyk toparynyň nyşana alynmagy netijesinde üç adam ýaralandy.

Pakistanyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, bu partlama 22-nji oktýabrda Bajaur tire-taýpalar etrabynyň Dabara sebitinde amala aşyrylypdyr.

Ýaralananlaryň arasynda ýarym harby güýçleriň iki agzasynyň we ulagyň sürüjüsiniň bardygy habar berilýär.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy. Bu wakadan bir gün öň, “Talyban” söweşijileri poliomielit keseline garşy sanjym edýän saglyk toparyna garşy täze hüjümleri amala aşyrjakdygy barada haýbat atypdy.

Şu aýyň başynda Pakistanyň saglyk işgärleri poliomielit keseline uçran täze adamlaryň sanynyň 200-den aşandygyny mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG