Sepleriň elýeterliligi

Russiýa, Ukraina gaz ylalaşygyna gelindi


Ýewropa Bileleşiginiň energiýa komissary Guenther Oettinger gaz üpjünçiligi barada 21-nji oktýabrda Ukraina bilen Russiýanyň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde degerli öňe gidişligiň gazanylandygyny mälim etdi.

Oettinger deslapky ylalaşygyň bir bölegi hökmünde Ukraina şu ýylyň ahyryna çenli Russiýadan 4 milliard kubometr tebigy gazy satyn almagy planlaşdyrýar diýdi.

Şeýle-de, Oettinger Ukraina mundan öň satyn alan tebigy gazy üçin Russiýa bermeli karzynynyň 1,4 milliard amerikan dollaryny oktýabr aýynyň ahyryna çenli we beýleki 1,6 milliard amerikan dollaryny şu ýylyň soňuna çenli berer diýdi.

Gürrüňi gidýän gepleşiklere gatnaşan rus delegasiýasynyň başlygy, Russiýanyň energetika ministri Aleksandr Nowak Ukraina satyljak tebigy gazyň 1 müň kubometri 385 amerikan dollaryna barabar bolar diýdi. Bu nyrh Russiýanyň bir hepde öň talap edýän tebigy gaz bahasyndan 100 amerikan dollary aşakdyr.

Şeýle-de, Nowak tebigy gazyň bu bahasynyň 2014-nji ýylyň oktýabr aýy bilen 2015-nji ýylyň mart aýy aralygynda güýçde saklanjakdygyny belledi.

XS
SM
MD
LG