Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz syýasatçysy tussag edildi


Gyrgyzystanyň ýolbaşçylary bikanun neşe gaçakçylygynda güman edip, ýurduň syýasy partiýasynyň liderini tussag edendiklerini habar berýärler.

Gyrgyz içeri işler ministrliginiň metbugat sözçüsiniň 22-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, “Akýikat”, ýagny “Adalat” partiýasynyň lideri we “Çyir” atly neşiriň redaktorlarynyň başlygy Akylbek Atabaýew 20 kilogramdan gowrak bikanun neşe maddalary, şol sanda geroin we göknar bilen tussag edilipdir.

Ministrligiň metbugat sözçüsiniň sözlerine görä, ýurduň polisiýasy 48 ýaşyndaky Atabaýewiň Täjigistandan we Gyrgyzystandan Gazagystana we Russiýa neşe gaçakçylygyny amala aşyrmaga gatnaşanlygyndan şübhelenýär.

XS
SM
MD
LG