Meniň 422 dostum bar
Emma şonda-da men ýalňyz
Her gün olar bilen gürleşýän, ýöne
Olaryň hiç biri meni tanamaýar.
Bu internetde wedio paýlaşylýan iň uly sahypa YouTube-de şu güne çenli 50 milion gezek tomaşa edilen goşydan bir bölek.
Ýazyjy we rezisýor Gary Turkuň şu ýylyň aprel aýynda internetde paýlaşan bu wediosyna, diňe 10 gunuň dowamynda 20 milion gezek tomaşa edilipdi. Häzir bu san 50 miliona ýetipdir.
Goşgyda tehnologiýanyň adamlaryň durmuşyna ornaşdygyça, olaryň hakyky durmuşdan uzaklaşýandygy we tehnologiýanyň şeýle giňden ýayramagynyň kimiň bähbidine tamamlanýandygy tankyt edilýär, we Turkuň bu tankydy pikirleri goşga ýazyşýar we goşgynyň wediosy bolsa internetde görlüp eşidilmedik derejede tomaşa edilýär.