Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG inçekesellileriň sany öňküsinden köp diýýär


Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) inçekesel ýokuşanlar barada maglumatlary ýygnamagy we hasaba almagy gowulandyrmak tagallalary, bu kesel bilen kesellänleriň sanynyň öňki çaklamalardan ýarym milliondan hem aşa köpdüginiň üstüni açdy diýýär.

Bütindünýä saglyk guramasynyň 22-nji oktýabrda çap eden raportyna görä, 2013-nji ýylda 9 million adam inçekesel bilen keselläp, olaryň 1,5 milliony heläk bolupdyr. Raportda ölenleriň arasyndaky 360 müň adamda “HIV” wirusynyň hem hasaba alnandygy bellenilýär.

Muňa garamazdan, raportda inçekeselden ölenleriň sanynyň kemelýändigi we 1990-njy ýyldan bäri onuň 45% pese gaçandygy nygtalýar. Şol bir wagtyň özünde bu kesel bilen keselleýän adamlaryň sanynyň ortaça 1,5% pese gaçýandygy hem raportda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG