Sepleriň elýeterliligi

Kerri "azatlyklar howp astynda" diýýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary J.Kerri (ç) we Germaniýanyň daşary işler ministri F.Steinmeier, Berlin, 21-nji oktýabr, 2014

ABŞ-nyň döwlet sekretary J.Kerri (ç) we Germaniýanyň daşary işler ministri F.Steinmeier, Berlin, 21-nji oktýabr, 2014

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri dünýäniň ençeme böleklerinde, “hatda Ýewropada-da” azatlyklaryň henizem “howp astyndadygyny” aýtdy.

Kerri bu çykyşyny Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier bilen 22-nji oktýabrda Berlinde geçiren bilelikdäki metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Berlin diwarynyň ýumrulmagynyň 25-nji ýyl dönüminiň öňüsyrasynda eden bu çykyşynda Kerri we Steinmeier Ukrainadaky krizis barada sözläp, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky bölünişigiň ýene dolanmagyna garşy duýduryş etdi.

"Agressiýanyň soňuna çykmak”

Kerri “Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasynyň soňuna çykmak gerek” diýdi.

ABŞ we ÝB Orsýetiň mart aýynda Krymy anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainada orsýetçi separatistlere ýardam bermegi bilen baglylykda Moskwa garşy sanskiýalary girizdi.

Kerri Moskwany Ukrainadaky konflikte çynlakaý seretmäge çagyrdy we Günbataryň Orsýet bilen dawa aramaýandygyny aýtdy.

“Hiç birimiz indiki nesliň Sowuk urşuň gaýtalanmak ähtimallyk duýgusy bilen ýaşamagyny islemeýäris” diýdi.

Steinmeier Ukrainadaky konfliktiň “henizem gaýtadan ot almaga taýyndygyny we Ýewropadaky parahatçylyk tertibine wehim salýandygyny” duýdurdy.

Germaniýa Ukrainadaky krizisden diplomatik çykalga tapmak boýunça tagallalara ýolbaşçylyk edýär, şol bir wagtda-da Moskwa sanksiýalar arkaly basyş etmek mümkinçiligini elden bermeýär.

Ýaşlar bilen duşuşyk

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 22-nji oktýabrda irden eden çykyşynda “ýurtlaryň bir topary başgalary kesesinden dolandyrmaga synanyşýarlar” diýip, Günbatary tankyt etdi.

Graždan ýaşlar bileleşiginiň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda Lawrow “Ukrainadaky krizis biziň günbatarly partnýorlarymyzyň Ýewro-Atlantik giňişligini saklamak we onuň çäklerini gündogara tarap ýaýbaňlandyrmak boýunça synanyşyklarynyň gös-göni täsirinden dörän ýagdaý” diýip belledi.

Lawrow Orsýetiň öz bähbitlerini goramakda berk durjagyny aýtdy.

22-nji oktýabrda Berlinde Kerri we Steinmeier germaniýaly studentler bilen duşuşdylar we Berlin diwarynyň 1990-njy ýylda ýumrulmagyndan soň galan bölegine gül goýdular.

9-njy noýabrda Berlin şäheri Sowet Soýuzy tarapyndan goldanan Gündogar Germaniýanyň hökümetiniň ilata şäheri iki bölýän haýatdan kontrolsyz geçmäge rugsat bermeginiň 25 ýyllygyny belleýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen hem duşuşýar. ABŞ-nyň we Germaniýanyň gatnaşyklary 2013-nji ýylda amerikan gizlin gulluklarynyň Germaniýada amala aşyran içalyçylykly işleriniň, şol sanda Merkeliň mobil telefonunyň diňlenmeginiň üsti açylansoň, sowuklygyna galýar.

XS
SM
MD
LG