Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Aeroportuň başlygy işden çekildi


Fransiýanyň ägirt uly “Total” nebit kompaniýasynyň ýerine ýetiriji başlygynyň ölümine sebäp bolan uçar heläkçiligi bilen baglanşykly Moskwanyň aeroportunyň ýene-de dört sany işgäri tussag edildi we aeroportuň iň ýokary derejeli dolandyryjysy wezipesinden çekildi.

20-nji oktýabrda Moskwanyň Wnukowa aeroportunda “Total” kompaniýasynyň uçarynyň gar arassalaýan maşyn bilen çaknyşmagy netijesinde Kristof de Margeri (Christophe de Margerie) we uçaryň üç ekipaž agzasy ölüpdi.

Russiýanyň Derňew komiteti 23-nji oktýabrda beren maglumatynda ýurduň prokurorlary aeroportuň howa uçuşlaryna kontrollyk edýän praktikanty, onuň gözegçisini, howa uçuşlaryna kontrollyk edýän bölümiň başlygyny we uçuş meýdançasynyň arassaçylygyna kontrollyk edýän bölümiň başlygyny tussag etdiler diýdi.

Bu aralykda, aeroportuň baş direktory Andreý Dýakowyň we onuň orunbasary Sergeý Solntsewiň wezipesinden çekilendigi mälim edildi.

XS
SM
MD
LG