Sepleriň elýeterliligi

Modi Siaçen buzlugyna barýar


Hindi premýer-ministri Narendra Modi Hindistan tarapyndan dolandyrylýan Kaşmir sebitine edýän saparynyň bir bölegi hökmünde Siaçen buzlugyna barýar.

23-nji oktýabrda amala aşyran saparynyň öňýanynda Modi Twitter sosial ulgamyndaky hasabynda “biziň edermen esgerlerimizi görmek üçin” ýurduň çetindäki buzlukda ýerleşýän Siaçene gidýärin diýip ýazdy.

Gürrüňi gidýän buzlugy Hindistanyň we Pakistanyň ikisi hem öz territoriýalaryna degişlidigini öňe sürýärler. Şol bir wagtyň özünde bu buzlyk dünýäniň iň uly söweş meýdany diýlip tanalýar.

Modiniň Kaşmir sebitine gelmegi, şu aýyň başynda serhetýaka sebitlerde bolan ok atyşyklarda parahat ilatdan azyndan 20 adamyň öldürilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Geçen aý Hindistanyň gözegçiligindäki Kaşmir sebitinde sil joşguny sebäpli 281 adam heläk bolupdy we Srinagar şäheri suwuň astynda galypdy.

XS
SM
MD
LG