Sepleriň elýeterliligi

“YD-nyň” ýüzlerçe söweşijisi öldürildi


Siriýanyň aktiwistleri ýurtda bir aý bäri dowam edýän kampaniýanyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň liderligindäki harby güýçler tarapyndan amala aşyrylýan howa zarbalarynda “Yslam döwleti” atly toparyň 521 söweşijisiniň, şeýle-de parahat ilatdan 32 adamyň öldürilendigini habar berýärler.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy topary öldürilenleriň aglabasyny, ýagny 464 sanysyny “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri emele getirýär diýdi.

Şeýle-de, topar Siriýanyň çäginde amala aşyrylan howa zarbalarynda “Al-Kaýda” hereketi bilen ilteşikli “Al-Nusra frontunyň” 57 agzasynyň öldürilendigini belledi.

22-nji oktýabrda Yragyň ýarym-awtonom Kürt regionynyň parlamenti siriýaly kürtleriň tarapyndan uruşmagy üçin özüniň kürt “Peşmerga” söweşijilerini Kobani şäherine ugratmagy tassyklady.

XS
SM
MD
LG