Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Rus sudy “Başneftiň” sud diňlenişigini soňa goýdy


Moskwanyň sudy “Başneft” nebit kompaniýasynyň kontrollugyny Wladimir Ýewtuşenkowyň gözegçiliginden almaga rugsat berýän kararyň tassyklanylmagyny öňümizdäki hepdä goýdy.

23-nji oktýabrda aýyplanýan tarap sud işine taýýarlanmak üçin has köp wagt haýyş edensoň, Moskwanyň kazysy indiki sud diňlenişiginiň öňümizdäki hepde 30-njy oktýabrda boljakdygyny aýtdy.

Prokurorlar “Başneft” kompaniýasynyň hususy eýeçilige geçiriliş we onuň yzýany “AFK Sistema” atly inwestisiýa toparyna satyş işlerinde boldy diýilýän bozulmalaryň amala aşyrylandygyny belläp, gürrüňi gidýän kompaniýany gaýtadan döwlet eýeçiligine geçirmek barada sentýabr aýynda sud işini gozgapdy.

Kompaniýanyň esasy paý eýesi Ýewtuşenkow 2009-njy ýylda gürrüňi edýän firmany satyn alan mahaly hapa pullary ýuwmakda güman edilip, öý tussaglygyna höküm edildi.

66 ýaşyndaky Ýewtuşenko 16-njy sentýabrda tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG