Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hüjümde sekiz adam öldi


Pakistanyň günorta-günbataryndaky Balojistan welaýatynda şaýy musulmanlar jemgyýetiniň agzalaryny alyp barýan awtobusa ýaragly adamlaryň ot açmagy netijesinde sekiz adam öldi, şeýle-de bir sanysy ýaralandy.

Bu hüjüm 23-nji oktýabrda welaýatyň paýtagty Kwetta şäheriniň etegindäki bag-bakja önümleri satylýan bazarda amala aşyryldy.

Ýerli polisiýanyň ýokary derejeli resmisi Imran Kureşi wakada pida bolanlaryň şaýy Hazara seksiýasynyň agzasydygyny mälim etdi. Pida bolanlar bazardan söwda edip, awtobusa oturan mahaly olara nämälim ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm edilipdir.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

Mundan öň şaýy musulmanlaryna garşy amala aşyrylan şuňa meňzeş hüjümiň jogapkärçiligini “Laşkar-e-Jangawi” atly sünni ekstremist topar öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG