Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Estoniýa girendigini ret edýär


Estoniýanyň Orsýet bilen serhediniň golaýyndaky duýduryş belgisi, Miikse obasy, 7-ji sentýabr, 2014
Estoniýanyň Orsýet bilen serhediniň golaýyndaky duýduryş belgisi, Miikse obasy, 7-ji sentýabr, 2014

Moskwa Orsýetiň harby uçarynyň Estoniýanyň howa giňişligine girendigini inkär edýär.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň metbugat wekiliniň 23-nji oktýabrda Interfaks agentligine aýtmagyna görä, “Ilýuşin-20” kysymly uçar Orsýetiň Kaliningrad anklawynyň Hrabrowo howa meýdanyndan 20-nji oktýabrda uçupdyr.

Metbugat wekili agzalan uçaryň bu türgenleşik uçuşyny “Baltika deňziniň neýtral zonasynda amala aşyrandygyny” aýtdy.

“Ilýuşin-20” uçarynyň ýoly

22-nji oktýabrda Estoniýanyň harbylary Orsýetiň uçarynyň ýurduň howa giňişligine girendigi barada habar berensoň, Estoniýanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň Tallindäki ilçisi Ýuriý Merzlýakowy çagyrdy.

NATO öz beýannamasynda “Ilýuşin-20” kysymly uçaryň, başda Daniýanyň giňişligini kesip geçendigini we daniýaly uçarlar tarapyndan anyklanandygyny, soň bu uçaryň NATO-nyň agzasy bolmadyk Şwesiýa tarap gidendigini habar berdi.

Beýannama görä, Şwesiýanyň uçarlary tarapyndan hem hasaba alnan “Ilýuşin” uçary Estoniýanyň giňişligine “bir minutdan az wagtlyk” girip, soň Portugaliýanyň uçarlarynyň ýany bilen geçip gidipdir.

Günbataryň we Orsýetiň Ukrainadaky krizisiň daşynda gatnaşyklarynyň dartgynlaşan döwründe NATO Baltikada howa gözegçiligini güýçlendirdi we Moskwany ýakynda ençeme sapar serhedi bozmakda aýyplady.

Beýleki wakalar

Geçen aýda Estoniýa Orsýeti eston polisiýa ofiserleriniň birini iki ýurduň arasyndaky serhetde ogurlamakda aýyplady.

Orsýet eston ofiseri Kohweriň 5-nji sentýabrda orsýet giňişliginde saklanandygyny aýdýar. Estoniýanyň resmileri bolsa onuň serhetden uzak bolmadyk bir ýerde ýarag bilen gorkuzylyp, Orsýete äkidilendigini aýdýarlar.

Ýewropa Bileleşigi we ABŞ Orsýetde içalyçylykda aýyplanýan Estoniýanyň howpsuzlyk resmisiniň tizden-tiz boşadylmagyny talap etdiler.

Şol bir wagtyň özünde-de Şwesiýanyň deňizçileri Orsýetiň alty gün mundan öň ýurduň paýtagty Stokholmdan 50 kilometr uzaklykda deňizde görlen suwasty gämisini gözleýärler. Şol bir wagtda-da 22-nji oktýabrda Şwesiýa öz birnäçe gämisiniň bu insidentde zyýan çekendigini aýdýar.

Şwesiýanyň resmileri bu gämi bilen bagly wakany anyk bir ýurt bilen baglanyşdyrmaýarlar, Moskwa muňa öz gatnaşygyny inkär edýär.

XS
SM
MD
LG