Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda tussaglykdaky bendileriň işledilmegine degişli nähili kanuny düzgünler bar? Azatlyk Radiosy Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ýurduň daşynda iş alyp barýan türkmen ýuristi Timur Misrihanow bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan düzgünler barada gürrüň bermegi sorady.

Azatlyk Radiosy: Tussaghanalarda bendileriň zähmet güýjüni ulanmak tejribesi diňe käbir ýurtlar bilen çäklenýärmi ýa-da tutuş dünýä mahsus bir ýagdaýmy?

Timur Misrihanow: Şeýle tejribe beýleki ýurtlarda hem bar, emma Türkmenistan ýaly postsowet ýurtlaryndan tapawutlylykda tussaglaryň işe çekilmegi mejbury däl, bu, meselem, Günbatar ýurtlaryna degişli. Tussaga iş hödürlenýär, ol işlejek ýerini saýlap bilýär we oňa zähmet haky tölenýär. Türkmenistanda bolsa tussaglaryň mejbury işledilmegi kanun arkaly berkidilýär. Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň “Tussaglary işe çekmek” barada 176-njy maddasynda düzediş edaralarynda tussaglaryň hökmany suratda işe çekilmelidigi aýdylýar. Bu madda Türkmenistanyň tussaghanalarynyň umumy, güýçlendirilen we berk režimli ähli kategoriýalary tussaglaryň mejbury işledilmegini göz öňünde tutýar. Tussagy nirede, nähili şertlerde işletmek we onuň zähmet hakyny kesgitlemek ygtyýarlygy türme administrasiýasynyň garamagyna berilýär.

Azatlyk Radiosy: Tussaglaryň mejbury işe çekilmezligine kanun esasynda haýsy-da bolsa mümkinçilik barmy?

Timur Misrihanow: Işe çekilip bilmeýän şahslaryň hataryna ýaşy 62-den geçenler, işlemäge medisina taýdan rugsat berilmeýän adamlar, şeýle-de kämillik ýaşyna ýetmedikleriň koloniýalarynda saklanýan tussaglar girýär. Aýal tussaglar barada aýdylanda, işe çekilip bilinmeýän bendileriň hataryna göwreli zenanlar hem girýär.

Azatlyk Radiosy: Kanun tussaglara zähmet hakyny tölemek göz öňünde tutulanmy?

Timur Misrihanow: Kanun boýunça tölenmeli. Emma tussaglaryň işçi güýjüni tölegsiz ulanmak boýunça hem madda bar. Jenaýat Kodeksiniň 79-njy maddasynda tussaglaryň töwerek-daşy abadanlaşdyrmak we medeni çäreleri geçirmek boýunça işlere mugtuna çekilmegi göz öňünde tutulýar. Mundan daşgary Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 78-nji maddasyna görä, tussaglaryň çeken zähmeti üçin hak tölenmeli.

Azatlyk Radiosy: Türkmen türmelerinde işledilýän bendileriň zähmet hakynyň möçberi nädip kesgitlenýär?

Timur Misrihanow: Kanunlarda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Her bir koloniýanyň öz içerki tertibiniň düzgünnamasy bar. Jenaýat Kodeksine girmedik düzgünleriň ählisi, şol sanda bendileriň zähmet haklary-da türmeleriň içerki tertibiniň düzgünnamasy esasynda kesgitlenýär. Başgaça aýdylanda, iş ýüzünde muny türmäniň administrasiýasy, ýagny ýolbaşçylygy kesgitleýär.

Kanun barada aýdylanda, her bir tussagyň ýörite bank hasaby bolmaly. Tussagyň zähmet hakyndan belli bir bölegi onuň türmede saklanmagy bilen bagly çykdajylar üçin saklanyp galmaly, galany bank hasabyna geçirilmeli. Munuň möçberini hem türme administrasiýasy kesgitleýär. Bendi öz hasabyna geçirilen puldan bir bölegini tussaglykda öz çykdajylary üçin peýdalanmaga hakly, galany oňa tussaglykdan çykansoň elýeterli bolmaly.

Agzalan operasiýalaryň möçberi hem tussaghananyň içerki tertibiniň düzgünnamasy tarapyndan kesgitlenýär. Her bir tussaghananyň öz düzgünleri bar. Türkmenistanda türmeleriň içerki tertibiniň düzgünnamalary berk gizlinlikde saklanýar we diňe türme ýolbaşçysy hem onuň orunbasary üçin elýeterli bolýar.

Azatlyk Radiosy: Timur, siz tussaglaryň işlemegine degişli kanuny düzgünler barada gürrüň berdiňiz. Bu düzgünler iş ýüzünde näderejede berjaý edilýär?

Timur Misrihanow: Men Türkmenistanda işlän döwrümde, tanyşlyk arkaly türmäniň içerki dokumentleri bilen tanyşdym. Men şonda türmeleriň içerki tertibiniň düzgünnamalarynda köp zadyň kanuna ters gelýändigine göz ýetirdim. Türmelerde tussaglar işe administrasiýanyň islegine görä çekilýärler. Ýene bir mesele, Türkmenistanyň türmelerinde ähli tussaglary iş bilen üpjün etmäge mümkinçilik ýok. Esasan işe Düzediş-zähmet koloniýalarynyň bendileri we Içerki sürgün koloniýalarda saklanýanlar çekilýärler. Olaryň zähmet haky barada aýdylanda, şu günki gün maňa mälim bolşuna görä, tussaglara hiç zat tölenmeýär. Tussaglara tölenmeli puly dürli bahanalar bilen saklap galýarlar we netijede bendiler iş ýüzünde tölegsiz zähmet çekýärler diýse bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG