Sepleriň elýeterliligi

Karimow Aşgabada sapar edýär


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow Türkmenistana sapar edýär. Özbek lideriniň bu sapary Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite çakylygy esasynda amala aşyrylýar.

23-nji oktýabrda Kerimowyň hormatyna Aşgabat şäheriniň halkara aeroportunda Özbegistanyň we Türkmenistanyň baýdaklary galdyryldy.

Özbek prezidentini aeroportda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow garşy aldy. Maglumatlarda esasy duşuşyklaryň 24-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýar. Kerimow bilen türkmen prezidenti Berdimuhamedowyň duşuşygynda dürli pudaklarda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe ylalaşyga gol goýuljakdygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG