Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde bäş adam öldi


Owganystanyň polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, ýurduň günortasyndaky welaýatda ýaragly adamlaryň ulaga ot açmak netijesinde bäş adam öldürildi we başga-da iki sanysy ýaralandy.

24-nji oktýabrda Nangarhar welaýatynda amala aşyrylan bu hüjüm parahat ilatdan ýedi adam Kogýani etrabyna sapar edýän mahaly boldy.

Welaýat polisiýasynyň metbugat wekili Hazrat Hussain Maşrakiwalyň sözlerine görä, hüjüm “söweşijiler” tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Nangarhar welaýaty Owganystanyň Pakistan bilen araçäginiň golaýynda ýerleşýär. Serhediň Pakistan tarapynda Demirgazyk Waziristan tire-taýpalar sebiti ýerleşip, bu territoriýa “Talyban” hereketiniň buky ýeri hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG