Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: "Eýran ýadro ýaragyny edinmez"


Eýranyň ýadro meselesi boýunça Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli araçysy Waşington Tähranyň ýadro ýaragyny edinmegine rugsat bermez diýdi.

Birleşen Ştatlaryň Syýasy meseleler boýunça Döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman Waşingtonda Strategiýa we halkara barlaglary merkezinde eden çykyşynda Eýranyň ýadro ýaraglary edinmegi regionda ýaraglanyş ýaryşynyň döremegine sebäp bolup biler diýip, onuň has köp durnuksyzlygy we howpy döredip biljekdigi barada duýduryş berdi.

Şeýle-de, Şerman Birleşen Ştatlar öz maksadyna diplomatik usullar bilen ýetmegi makul hasaplaýar diýip, “Eýran ýadro ýaraglaryny edinmez, edinmeli däldir” diýdi.

Eýranyň ýadro hereketleri barada Tähran bilen dünýäniň alty iri döwletiniň arasyndaky gepleşikleriň nobatdakysy 24-nji noýabrda geçiriler.

XS
SM
MD
LG