Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri aktiwistiň tussaglyk möhleti uzaldyldy


Azerbaýjanda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän tanymal aktiwist Leýla Ýunusyň deslapky tussaglygy uzaldyldy.

Ýunusyň aklawçysy Elçin Kanbarow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda 24-nji oktýabrda Bakuwyň Nasimi etrap sudy Ýunusyň 28-nji fewrala çenli deslapky tussaghanada saklanylmalydygy barada karar çykardy diýdi.

57 ýaşyndaky Ýunus Azerbaýjanda adam hukuklarynyň bozulmalaryny berk tankyt edýän aktiwist bolup, ol we onuň 59 ýaşyndaky adamsy Arif Ýunus iýul we awgust aýlarynda tussag edilipdiler. Olar ýurda dönüklikde, Ermenistana içalyçylyk etmekde, bikanun biznes işlerini amala aşyrmakda, resminamalary galplaşdyrmakda we bidüzgünçilikde aýyplanýarlar.

Azeri jübüt özlerine ýöňkelýän aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny nygtaýarlar.

Adam hukuklaryny goraýan guramalar Azerbaýjanyň häkimiýetlerinden Leýla Ýunusyň we onuň adamsy Arif Ýunusyň derhal azatlyga goýberilmegini talap edipdiler.

XS
SM
MD
LG