Sepleriň elýeterliligi

BMG: Ukrainadaky krizis 800 müň adamy göçürdi


Birleşen Milletler Guramasy Ukrainadaky konflikt 800 müňden gowrak adamy öýlerini terk edip, başga ýere göçmäge mejbur etdi diýýär.

Olaryň 95%-i gündogar Ukrainadan göçmäge mejbur bolan adamlardyr. Bu sebitde Ukrainanyň hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasynda çaknyşyklar bolýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar boýunça edarasy Ženewada geçiren brifinginde häzirki wagt Ukrainanyň çäginden 430 müň çemesi adamyň başga ýerlere göçmeli bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de, bu guramanyň berýän maglumatyna görä, bosgunlyk statusyny, wagtlaýyn gaçybatalga ýa-da ýaşamaga ygtyýarnamanyň beýleki görnüşlerini sorap, azyndan 387 müň adam Russiýanyň degişli resmilerine ýüz tutupdyr.

Maglumata görä, başga-da 6 müň 600 adam Ýewropa Bileleşiginden we 581 adam Belarusdan gaçybatalga sorapdyr.

XS
SM
MD
LG