Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

D.Kawkaz: Üç şübheli söweşiji öldürildi


Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regionyndaky howpsuzlyk güýçleri tarapyndan söweşiji diýlip güman edilýän üç adam öldürildi.

Russiýanyň Terrorçylyga garşy göreşýän Milli komiteti iki şübheliniň 24-nji oktýabrda Dagystanyň Haroda etrabynda öldürilendigini mälim etdi. Maglumata görä, olar ýaşaýyş jaýyny terk etmegi ret edip, polisiýa we howpsuzlyk güýçlerine ot açypdyrlar.

Bu wakada bir polisiýa ofiseriniň ýaralanandygy habar berilýär.

Şeýle-de, 24-nji oktýabrda Demirgazyk Kawkaz regionynyň Kabardino-Balkariýa sebitinde şübheli söweşiji polisiýa tarap granatlary oklap, sapança bilen ot açan soň, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürildi. Bu wakada hem bir polisiýa ofiseri ýaralandy.

Dagystany, Kabardino-Balkariýany, Inguşystany we Çeçenistany öz içine alýan Demirgazyk Kawkaz regionynda ýowuzlyklar giňden ýaýrandyr. Bu sebitde yslamçy söweşijiler we jenaýatçy toparlar Russiýanyň harby işgärlerini we ýerli resmileri ýygy-ýygydan nyşana alýar.

XS
SM
MD
LG