Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aşgabat ebolany 'äsgermeýär'


Bütindünýä Saglyk guramasynyň maglumatlaryna görä, häzire çenli ebola wirusyna 10 müňe golaý adam ýolugypdyr

Bütindünýä Saglyk guramasynyň maglumatlaryna görä, häzire çenli ebola wirusyna 10 müňe golaý adam ýolugypdyr

Bütindünýä Saglyk guramasynyň günbatar Afrikada ýaýran “ebola” wirusynyň halkyň saglygyna halkara derejesinde howp salýandygyny hem-de wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin adatdan daşary işleriň alnyp barylmalydygyny yglan edendigine garamazdan, Türkmenistanyň habar serişdelerinde bu wirusyň howplulygy barada we ondan goranmagyň usullary barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Hatda ebola wirusy bilen bagly habarlar we halkara jemgyýetçiligiň bu wirusyň garşysyna alyp barýan göreşi baradaky maglumatlar hem ilata ýetirilmeýär. Paýtagtyň medisina edaralarynda hem ebola wirusy barada düşünje berýän plakatlardyr stendler asylmandyr. Ýogsa, öňler ”guş dümewi” ýaly pandemiýa barada we ondan goranmagyň usullaryny görkezýän plakatlar asylýardy. Döwlet edara-kärhanalarynda ýa-da okuw jaýlarynda hem düşündiriş işleri geçirilmeýär.

Ebola wirusy barada maglumatyň ilat köpçüligine elýeter bolmaýşy ýaly bu wirusdan goranmak üçin häkimiýetler tarapyndan nähili işleriň alnyp barylýandygy barada hem habar berilmeýär. Maglumatlaryň ýoklugy bilen birlikde bu ugurda ýörite barlag-seljeriş merkezleriniň döredilmegi ýaly alnyp barylýan ýörite işler hem göze ilmeýär.

"Görkezme ýok"

1-nji Saglyk öýünde ebola wirusy boýunça nähili lukmançylyk çäreleriniň göz öňünde tutulandygyny soranymyzda, bu Saglyk öýüniň lukmany ebola wirusy barada hiç hili ýörite görkezmäniň berilmändigini hem-de bu barada lukmanlaryň öz ýygnaklarynda hem maslahatlaşylmaýandygyny aýtdy.

Paýtagtyň çetinde ýerleşen Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezinde ebola wirusy boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat almak başartmady. Şol bir wagtda köpçüligiň ýygnanýan ýerlerinde ýörite lukmançylyk gözegçiligi hem göze ilmeýär. Mysal üçin, demir ýol wokzalynda ýa-da awtowakzalda lukmançylyk gözegçiligi ýok.

Paýtagtyň halkara aeroportynda ebola wirusyna garşy nähili çäreleriň görlendigini anyklamak başartmady. Ýöne türkmen hökümeti tarapyndan haja ugradylan zyýaratçylaryň geçen anna güni, ýagny 17-nji oktýabrda ýurda dolanyp gelenlerinde, ýörite medisina barlagyndan geçirilendigi anyklandy.

Şol bir wagtda Günorta Afrikanyň Durban şäherinde ýaşlaryň arasyndaky geçen halkara küşt ýaryşyndan mundan üç hepde töweregi ozal Türkmenistana dolanyp gelen türkmen sportsmenleri Aşgabadyň aeroportunda hiç hili medisina barlagyndan geçirilmändirler.

Ebola wirusy mart aýynda Gwineýada ýaýrap başlapdy. Şondan soň ol Sierra Leone, Liberiýa we Nigeriýa ýaly afrika ýurtlaryna ýaýrady. Günbatar ýurtlarynda hem wirusa ýolugan adamlar hasaba alyndy.

Bütindünýä Saglyk guramasynyň maglumatlaryna görä, häzire çenli ebola wirusyna 10 müňe golaý adam ýolugypdyr. Bu wirus sebäpli ýogalanlaryň sany bolsa 4877-ä ýetipdir. Bu wirusyň garşysyna täsirli waksinanyň häzire çenli ýokdugy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG