Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow özbek kärdeşi bilen duşuşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň özbek kärdeşi Yslam Karimow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary barada maslahat etdiler.

24-nji oktýabrda türkmen we özbek liderleriniň duşuşygynda energetika, nebit, ýangyç, senagat, oba-hojalyk we transport pudaklary boýunça hyzmatdaşlygyň perspektiwalary barada gürrüň edilendigini, Türkmenistanyň resmi metbugatyna salgylanyp Azerbaýjanyň “Trend” habarlar gullugy habar berýär.

Şeýle-de, duşuşykda iki ýurduň liderleriniň Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar transport we tranzit koridoryny döretmek barada hem gürrüň edendigi nygtalýar.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite çakylygy esasynda 23-nji oktýabrda Aşgabada barypdy.

XS
SM
MD
LG