Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Asyryň sepgidi


Owganystan, wagtlaýyn gonalgadaky gyzjagaz

Owganystan, wagtlaýyn gonalgadaky gyzjagaz

Alym Ahmet Bekmyradyň bir sözi bardy. Ol: “Asyryň sepgidinde beýik eser döremeýär” diýýärdi. “Men biziň eramyzyň ýigrimisini hem barlap çykdym. Asyryň sepgidinde, hususanam asyryň aýagynda beýik eser döremändir” diýip, köp gezek aýtdy.

Çaýkanmak

Ol neressäniň özi asyryň gutarmagyna on ýyl galanda, dünýäden ötdi. Emma ol has irräkden asyryň soňunyň boş boljakdygyny aýdypdy.

Eger biz özümize golaý taryha seretsek, alymyň aýdýanlarynyň jany bar. Soňky geçen iki asyryň sepgidinde, asla Edebiýat bolmandyr diýmek hem mümkin. Ýöne özümizden daşkyrak taryha seretsek, käbir genial eserler hut asyryň sepgidinde döräpdir.

Ilki bilen 994-1010 ýyllarda döredilen “Şanamany” ýatlalyň. Wilýam Şekspiriň, Lew Tolstoýyň asyryň sepgidinde dörden genial eserlerini göz öňüne getireliň. Olardan birneme pesräk, ýöne dünýä edebiýatynda öz orny bolan A.P.Çehow hem asyryň sepgidinde ajaýyp eserler döretdi. Diýmek, asyryň sepgidi edil bir bahana hem däl bolarly.

Megerem, gep döwürde, döwüriň çalyşmagynda bolsa gerek. XIX hem XX asyryň çalşygynda dünýäde ägirt uly syýasy özgerişlikler bolup geçdi.

Türkmenistan, şol sanda tutuş Türküstan rus imperiýasynyň gol astyna geçirilipdi. Soňra bolsa bu giňişlige kommunistler eýeçilik etdiler. Şol ýowuz syýasatyň amala aşyrylýan döwründe çeper edebiýat dymdy.

Beýle güýçli çaýkanyş, görülmedik özgerişlik bir bada çeper edebiýatda şöhlelenip bilmedi. Adam aňy ol döwri ýüzugra özleşdirmekden ejiz bolarly.

Döwrüň şahyry

Öz mysalymyza ýüzlensek, asyryň sepgidinde ýaşap geçen Mollamurty görýäris. Ol döwrüniň sowatly hem düşünjeli ynsany bolupdyr. Ol, megerem, sungatyň ugurlaryndan hem habarly bolsa gerek. Klassyky edebiýaty örän oňat bilýändigini, özüniň Şeýdaýynyň ýegenidigini açyk aýdýar.

Mollamurt “Emir we Zerli” dessanyny ýazýar. Grafikadan gowy baş çykarypdyr. Ol öz awtoportretini döretmegi başarýar, ençeme karikaturalar çekipdir. Özi şahyr bolansoň, aýdym-saz sungatyndanam habarly bolsa gerek. Üstesine ol meşhur Oraz Salyryň ildeşi.

Mollamurtuň hemmetaraplaýyn ösen intellektual adam bolandygy belli. Şeýle-de bolsa, ondan düýpli bir eser galmandyr. Aslynda ol täze durmuşy kabul edipdir hem onuň zerurdygyna düşünipdir. Köneden ýüz öwürmeli we hökman täzeçe ýaşamaly diýipdir.

Muňa garamazdan, öz döwri barada düýpli eser döretmändir. Şol wagtyň özünde, ony täze durmuş kanagatlandyrmandyr. Ol aýagyny köne durmuşdan-a üzüpdir, täze durmuşa bolsa girişip bilmändir. Iň bolmanda, ol özüniň garaşan, umyt eden zamanasyna gowuşmandygyny aýdýar.

Umytsyzlyk

Döwürden garaşanyň çykmazlygy, umytsyz bolmak, megerem, iň agyr betbagtlyk. Şahyr özüniň agyr ruhy çökgünlige düşendigini, ýaramaz endiklere baş goşandygyny ýaşyrman, açyk aýdýar.

Zorum-kuwwatym ýok, bakdym sagtyma,
Gerdenime pelek urdy neşäni.

Soňrak Mollamurtuň şägirtlerinden biri Nurberdi Pomma hem bu ýagdaýy ýatlaýar.

Niçeler köp çekdi neşe hem meňi,
Gaýgydan gan eňräp, bolmady deňi.

Bu ýagdaý bize XX asyryň başlaryndaky ýagdaýy aýan edýär. Şol aýdylan hakykat bilen XX asyryň aýagynda Türkmenistanda möwç alan neşekeşlik belasyny, ruhy çökgünligi hem ahlak taýdan pese gaýdyşlygy deňeşdirmek mümkin.

Asyryň aýagynda

Mollamurtuň aýdyşy ýaly, her nähili agyr hem bolsa, durmuşa täzeleniş gerek. Onsuz jemgyýet özgerip bilmeýär. Diňe täzeleniş jemgyýeti öňe alyp gidýär.
Emma ol täzeleniş nähili gelýär? Ol köplenç köpçüligiň arzuw-islegine laýyk däl-de, häkimiýeti ele alýanlaryň islegine görä bolýar. Şu garaşylmadyk özgeriş, garaşan umydyň tersine bolan täzelikler ynsany sähnelik ýagdaýyna salýar.

Öz arzuw-islegiň hem hyýalyň tersine hereket etmek aşa agyr zat. Sen durmuşdan aldansaň, ol manysyz, boş bir zada öwrülýär, ýagny seniň üçin durmuşyň manysy ýitýär.

Täzeleniş hem edil ýer yranmasy ýaly sarsgyn. Oňa köpler döz gelip bilmeýärler. Iň esasy-da, näme bolup geçenine ýüzugra akyl ýetirmekden ejiz bolýarlar.

Şeýle täzeleniş bolsa köplenç halatda asyryň sepgidinde ýüze çykýar. Onuň agyr ýa-da ýeňil bolmagyna garamazdan, bähbitli ugurlaryna ýa-da zyýanyna seretmezden, täzeleniş döwri durmuşy sarsdyrýar. Şol özgerişligiň nähili boljakdygyny we nämeler getirjekdigini diňe genial adamlar aýdyp biläýmese, başgalar habarsyz galýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy. Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG